img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Iýun

AŞGABATDA DINE UÝMAK AZATLYGY MESELELERI BOÝUNÇA TEGELEK STOLY GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda dine uýmak azatlygy meseleleri boýunça tegelek stoly geçirildi. Gepleşikleriň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Müftiliginiň, şeýle hem dürli dini guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary giriş sözi bilen çyky...

DOWAMY
pic
8 Iýun

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda durmuş-ykdysady, ulag-aragatnaşyk we beýleki degişli düzümleri mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga hem-de ösdürmäge gönükdirilip, durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryna baglylykda işlenip taýýarlanylan gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy. Ýurdumyzda bolup geçýän düýpli özgertmeleriň öň hatarynda barýan ak mermerli Aşgabat özüniň ajaýyp binagärlik gurluşy bilen haýran galdyrýar. Soňk...

DOWAMY
pic
7 Iýun

Ykdysadyýet Türkmenistanda galla oragy badalga aldy

6-njy iýunda Türkmenistanda galla oragyna badalga berildi. Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 25-nji maýda geçirilen mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daýhanlara täze zähmet üstünliklerini arzuw edip, möhüm oba hojalyk çäresine ak pata berdi. Şoňa laýyklykda, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylary bu möhüm çärä girişdiler, 13-nji iýunda bolsa olara Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ekerançylary hem goşular. Asyl­ly dä­be gö­rä, ýer­ler­de hor­ma...

DOWAMY
pic
6 Iýun

Ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň maksatnamasy ýerine ýetirilýär

Şu gün Tagtabazar etrabynda häzirki zaman suw arassalaýjy desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy, desgany “Aby-Köwser” hojalyk jemgyýeti bina etdi. Bir gije-gündizlik kuwwaty 15 müň kubmetr agyz suwuny arassalamaga deň bolan toplum ýerli ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün eder. Suw serişdelerini tygşytlaýjy häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna suwdan rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa...

DOWAMY
pic
6 Iýun

PRESS-RELIZ

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatynda ýurdumyzyň Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin sportuň mümkinçiliklerini doly derejede ulanmak, halkara sport hyzmatdaşlygy meselelerindäki işjeň ýörelgelerinden ugur alyp, daşary syýasy başlangyçlaryny dünýäde geljekde ýaýbaňlandyrmak ugry aýratyn orna eýedir. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasyn...

DOWAMY
pic
5 Iýun

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň maslahatlar zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi — ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forumy Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti gurady. Türkmen paýtagtynda bu halkara maslahatyň geçirilmegi ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamynda wajyp meselel...

DOWAMY
pic
4 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlary hem-de Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy. Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny açyp, gön...

DOWAMY