SOŇKY HABARLAR
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Awtoulag sport merkezine bardy
Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ogly, Mejlisiň deputaty, Söweş sungatlary boýunça milli federasiýanyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow bilen awtomobil sporty merkezine baryp gördi we şol ýerde özüniň çyzgylary esasynda sport ulagyny täzeden enjamlaşdyrdy we gurnady hem-de onuň mümkinçiliklerini synap gördi. Döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary bolmak bilen, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösd...
Döwürleriň öçmejek mukamy
Şu gün ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Nury Halmämmedowyň sazy — döwürleriň öçmejek mukamy” atly festiwalyň açylyşy boldy. Ol Türkmenistanyň halk artistiniň 80 ýyllyk ýubileýine bagyşlandy. Medeniýet ministrliginiň guran çäresine gatnaşmak üçin ähli welaýatlardan döredijilik işgärleri paýtagtymyza geldi. Onuň açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, meşhur kompozitoryň hormatyna guralýan festiwal şu ýylyň ýurdumyzda “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip ygla...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ YKDYSADY WE DURMUŞ GEŇEŞINIŇ AGZALYGYNA SAÝLANYLDY
2018-nji ýylyň 13-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assamleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 96-njy mejlisinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşine (ECOSOC) 2019-2021-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanyldy. BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşi (ECOSOC) - Birleşen Milletler Guramasynyň esasy düzümleriniň biri bolup, ykdysady, durmuş ulgamlarynda, saglygy goraýyş we bilim pudaklarynda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen guramalarynyň we düzümleriniň işi...
AŞGABATDA HALKARA YLMY HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLÝAR
2018-nji ýylyň 12-nji iýunynda Aşgabatda Ylymlar gününe gabatlanylan “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly iki günlük halkara forum öz işine başlady. Maslahatyň işine Türkmenistanyň alymlary, mugallymlary we ýaş alymlary, şeýle hem otuzdan gowrak ýurduň ylmy toparlarynyň wekilleri, şol sanda Russiýanyň, ABŞ-niň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ispa...
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzy ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan maslahaty geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we onuň etraplarynyň, şäher hem-de etrap gulluklarynyň edara ediş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirdi. Onuň gün tertibine paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň, şeýle hem ony talabalaýyk ulanyş ýagdaýynda saklamagyň meseleleri...
Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hem-de käbir düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda galla oragynyň barşyna, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagyna, döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy. Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny açyp, ilki bilen Aha...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde guralan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna baýramçylyk, agzybirlik we ruhubelentlik ýagdaýy mahsus boldy. Dabara Mejlisiň, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, medeniýet we...