img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly we döwlet durmuşynyň birnäçe beýleki möhüm meseleleri girizildi. Ilki bilen milli Liderimiz wideoşekilli göni aragatnaşyga içeri iş...

DOWAMY
pic
26 Maý

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Prezident maksatnamasyny, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň barşy, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri syýasatyň möhüm wezipeleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisine,...

DOWAMY
pic
25 Maý

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!  Mähriban uçurymlar! Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet derejesinde giňden bellenilýän «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bagtyýar uçurymlaryň — geljegimiz bolan ýaşlaryň bilim-terbiýe alan mukaddes bilim ojagy bilen hoşlaşyk pursatlaryny öz içine alýan «Soňky jaň» dabarasy jemgyýetçilik durmuşymyzda orny hem-de ähmiýeti yzygiderli ýokarlanýan ajaýyp bilimler baýramydyr. Bu baýramyň Aşgabat şäheriniň güni bilen...

DOWAMY
pic
25 Maý

Mekdeplerde “Soňky jaň” baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi

Şu gün ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň uçurymlary üçin soňky jaň ýaňlandy we okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Şu gün mekdebi tamamlap, özbaşdak durmuş ýoluna gadam goýýan ýetginjekleriň we gyzlaryň 85 müňden gowragy üçin has-da dabaraly hem-de tolgundyryjy boldy. Olar mekdep ýyllarynyň dowamynda dünýägaraýşyny giňeltmek, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny özleşdirmek üçin ygtybarly binýady emele getiren köptaraply bilim aldylar. Olaryň hatarynda s...

DOWAMY
pic
24 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PAÝTAGTYNDA “AK ŞÄHERIM AŞGABAT” ATLY XVII KÖPUGURLY HALKARA SERGI ÖZ IŞINE BAŞLADY

2018-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagtynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XVII köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Sergi häzirki Türkmenistanda şähergurluşyk, binagärlik hem-de şäher düzümini döretmek ulgamynda gazanylan üstünlikleri, toplanan iş tejribesini hem-de geljegini görkezýär. Sergini guraýjylar Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy gurluşykdan başlap, elektrik energiýasyna, gaýtadan işleýän we ýerli senagata, bezege hem-de şäher durmuşyny...

DOWAMY
pic
24 Maý

TÜRKMENISTANDAA IX HALKARA GAZ KONGRESI ÖZ IŞINE BAŞLADY

2018-nji ýylyň 23-nji maýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresi öz işine başlady. Bu iri ýöriteleşdirilen forumy “Türkmengaz” Döwlet konserni bilen Gollandiýanyň “KHB Holland” kompaniýasy bilelikde gurady.  Foruma dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan 400-e golaý wekil gatnaşdy. Şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan, ABŞ-dan, BAE-den, Ýaponiýadan, HHR-den, Koreýa Respublikasyndan, Türkiýeden, Hindistandan, Owganystandan, Pakistandan, GDA döwletlerin...

DOWAMY
pic
23 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETI BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 71-NJI MEJLISINE GATNAŞÝAR

2018-nji ýylyň 21-nji maýynda Ženewa şäherinde Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 71-nji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekillerinden ybarat Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň 70 ýyllyk ýubileýi bilen gabat gelen ýokarda agzalan mejlisiň işine gatnaşdy. Saglygy goraýyş ulgamynyň aktual meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin sebitleýin hem-de global derejede strategiki wajyp meýdança Şweýsariýa...

DOWAMY