SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WE HINDISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER
2018-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Hindistana özüniň gysga möhletleýin saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Nýu-Delide Hindistanyň Daşary işler ministri Suşma Swaraj bilen duşuşdy. Hindistanyň Daşary işler ministrine gysga wagtyň içinde duşuşygy gurnandygy üçin minnetdarlygyny bildirip, R.Meredow TAPI gaz geçirijisini tejribede durmuşa geçirmekde we iri hususy we döwlet donorlary tarapyndan degişli maliýe çeşmelerini...
Döwlet Baştutany Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň günini bellemek baradaky teklibi goldady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisinde Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güniniň baýramyny birleşdirmek baradaky teklibi goldady. Senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer M.Aýdogdyýewiň habar berşi ýaly, şu ýyl hünär baýramçylyklary mynasybetli haly we dokma önümleriniň ýöriteleşdirilen halkara sergileriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Pudaklaryň işlerini kämilleşdirmek maksady bilen Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň...
Türkmenistan Aziýanyň demir ýol ulgamyna möhüm halka hökmünde goşulyşýar
Şu hepdede, sişenbe güni Türkmenistandan Akýaýla demir ýol menziliniň üsti bilen Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça synag gatnawyny amala aşyrýan düzümleriň tapgyryndan üçünji konteýner ýük düzümi Eýrana ugrady. Ozal habar berlişi ýaly, şu ýol boýunça ilkinji şeýle demir ýol düzümi türkmen-eýran serhedinden 8-nji ýanwarda, şondan birnäçe gün soň, 12-nji ýanwarda ikinjisi geçdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kuwwatly ulag-aragatnaşyk düzümini döretmegiň hasabyn...
Parlamente we sebitleýin halk maslahatlaryna saýlanmak boýunça saýlaw toparlary döredildi
Türkmenistan—möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakanyň—Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň öňüsyrasynda. Bu saýlawlar 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriler. Türkmenistan boýunça Mejlisiň jemi 125 deputaty saýlanylar. Welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 240-sy, ýagny, her welaýatda we Aşgabat şäherinde 40-sy döredildi. Etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça...
Türkmenistan we Ýaponiýa telekommunikasiýalar we maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde we Aragatnaşyk ministrliginde “Sony Corporation” ýapon kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk boldy. Wekiliýete ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek maksadynda sapar bilen ýurdumyzda bolýan şol kompaniýanyň baş dolandyryjysy Hajime Nakamura ýolbaşçylyk edýär. Mälim bolşy ýaly, innowasion elektronika hem-de beýleki ýokary tehnologiýaly önümleri işläp taýýarlamakda öňdebaryjylaryň biri bolan bu iri transmilli kompaniýa bilen telewideniýe, kinematogra...
Ahal welaýatynda bezeg agaçlaryny we gülleri ösdürip ýetişdirmäge niýetelenen ýyladyşhana işe girizildi
Ak bugdaý etrabynda 10 gektar meýdany bolan bezeg agaçlaryny we gülleri ösdürip ýetişdirmäge niýetelenen ýyladyşhana işe girizildi. Onuň açylyş dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň, zähmetkeşler toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bu ýerde guralan dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Has tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Desga hormatly P...
Türkmenistanyň Prezidenti harby-howa enjamlarynyň döwrebap nusgalary bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Harby-howa güýçleriniň bölümleriniň birinde baryp, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy. Ir bilen döwlet Baştutanymyz harby bölümleriň birine bardy. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň goranmak ministri Ý.Berdiýew hormatly Prezidentimize Harby-howa güýçleriniň düzümleriniň harby bölümleri...