SOŇKY HABARLAR
“Ahal” topary AFK-nyň Kubogy ugrundaky saýlama ýaryşlara ynamly başlady
Türkmenistanyň çempionatynyň kümüş medalyna hem-de ýurdumyzyň Kubogyna eýe bolan “Ahal” topary “AFK-nyň Kubogy - 2018” ýaryşynda 23-nji ýanwarda Bişkekde ilkinji saýlama duşuşygyny geçirdi.Biziň toparymyz Gyrgyzystanyň Kubogynyň eýesi Bişkegiň “Dordoý” topary bilen duşuşdy. Biziň futbolçylarymyz oýny ynamly başlap, eminiň jürlewgi ýaňlanandan soň köp wagt geçmänkä, pökgini bäsdeşleriniň derwezesine geçirmegi başardylar. Süleýman Muhadow bu duşuşykda ilkinji pökgini geçirdi. Oýnuň netijeli baş...
Parlamente, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralaryna dalaşgärleri hödürlemek çäreleri başlanýar
Aşgabatda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Ol Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere bagyşlandy. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň işgärleri, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we...
Amuldan Hazara çenli: kerwen ýollarynyň taryhynyň ýadygärlikleri. Harytlar üçin serhet ýok
Ýüpek ýoly ägirt uly Ýewraziýa giňişliginde söwdany we ykdysadyýeti ösdürmegiň kuwwatly itergi beriji güýji bolup hyzmat etdi, ençeme halklaryň arasynda medeni we ylmy gatnaşyklar ýola goýulmagyna ýardam berdi. Türkmenistan şu işde uly orun tutdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi bilen ýurdumyzda 2018-nji ýylyň yglan edilen şygary türkmen topragynyň üstünden geçen hem-de onuň goýnunda ähmiýetliliginiň gymmatly subutnamalaryny goýan bu taryhy ýoluň aýratynlygyna çuňňur d...
“Milli goşun” žurnalynyň nobatdaky sany okyjylary ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň üstünlikleri bilen tanyşdyrar
Goranmak ministrligi tarapyndan ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, şeýle hem harby gullukçylaryň edebiýat başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen neşir edilýän “Milli goşun” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnalda goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinamyza laýyklykda edermen esgerlerimiziň ýurdumyzyň howpsuzlygyny berkitmekdäki ähmiýeti açylyp görkezilýär. Onda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berd...
Türkmenistanyň Prezidenti we Hindistanyň Ilçisi hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri boýunça pikir alyşdylar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nagendra Prasady kabul etdi. Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallygyny bildirip, Hindistanyň Türkmenistanyň Baştutanynyň ýöredýän parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny hemmetaraplaýyn goldaýandygyny aýtdy. Bu syýasat türkmen Lideriniň sebitde hem-de dünýäde parahatçylygyň, durnuklylyg...
Beýik Ýüpek ýolunyň özboluşly aýratynlygyny wagyz etmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Beýik Ýüpek ýoly” atly maslahat geçirildi. Maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ylym, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, 2018-nji ýylyň “Türkmenistan -- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan şygary ýurdumyzy ösdürmegiň köpasyrlyk taryhy tejribä, medeni däplere, milletiň ruh...
Türkmenistanyň Prezidenti TOPH-nyň gurluşygyna maýa goýumlary üçin Saud Arabystanynyň Patyşasyna minnetdarlyk bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynda ulanmak maksady bilen, Saud ösüş gaznasynyň maýa goýum serişdelerini iberendigi üçin çuňňur minnetdarlyk hatyny iberdi. “Häzirki wagtda Türkmenistan bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça bellenilen wezipeleri yzygiderli amala aşyrýar. Siziň bu maliýe goldawyňyzy hyzmatdaşlygymyzy ö...