SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN WE INDONEZIÝA GELJEKDE HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran ş.) j-p Oktawino Alimudin bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň we Indoneziýa Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde tagallalary birleşdirmeklige meýillerini beýan etdiler we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri babatda pikirleri alyşdylar. Halka...
“Türkmenistan –ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport çäresiniň jemleri jemlenildi
Milli sport we syýahatçylyk institutynda her ýyl geçirilýän “Türkmenistan –ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly çäräniň netijelerini jemlemek dabarasy boldy, bu çäre köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni giňden wagyz etmäge gönükdirilendir. Ony Sport we ýaşlar syýashaty ministrligi, şeýle hem ýurdumyzyň sport ugurly ýokary okuw mekdebi guradylar. Biraýlygyň çäklerinde zähmet toparlarynyň, okuw mekdepleriniň işgärleri, sportuň toparlaýyn we şahsy görnüşleri boýunça ýaryşlara gatnaşyp, f...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň käbir meselelerine hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň barşyna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň B...
AWAZADA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ AGZA ÝURTLARYNYŇ ULAG WE ARAGATNAŞYK MINISTRLERINIŇ IX MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 3-nji maýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň ulag we aragatnaşyk ministrleriniň IX mejlisi boldy. “Deňiz” myhmanhanasynyň maslahatlar merkezinde geçen duşuşyga Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, BMG-niň Aziýa hem-de Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş toparynyň (UNESCAP), Halkara awtomobil ulaglar birleşiginiň (IRU) we başga-da birnäçe halkara düzümleriň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine sebit we sebi...
Harby däpleriň mirasdüşerleri: türkmen topragyndaky asudalyk ygtybarly goralýar
3-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugy esasynda geçirilen milli goşunyň söweşjeň ukyplylygyny duýdansyz barlamak nobatdaky gezek Ýaragly Güýçleriň goşunlarynyň ähli kysymlarynyň we bölümleriniň oňat taýýarlygyny görkezdi. Türkmen halkynyň harby däpleriniň mirasdüşerleri, Watanymyzyň merdana goragçylary özlerini nobatdaky gezek watandaşlarymyzyň asuda durmuşynyň goragynda duran kuwwatly,...
TÜRKMENBAŞY ŞÄHERINDE TÄZE HALKARA DEŇIZ PORTY AÇYLDY
2018-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenbaşy şäherinde dabaraly ýagdaýda täze Halkara deňiz porty açyldy. Portuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan gurnalan dabaraly çärä halkara guramalarynyň, birnäçe ýurtlaryň döwlet edaralarynyň, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de daşary ýurt we milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar....
TÄZE TÜRKMENBAŞY DEŇIZ PORTY ABRAÝLY SYLAGLARA MYNASYP BOLDY
“Awaza” Kongressler merkezinde geçirilen Halkara ulag maslahatynyň dowamynda dürli guramalaryň bilermenleri tarapyndan Türkmenbaşy täze deňiz portuna mynasyp sylaglaryny gowşurmak dabarasy bolup geçdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny gurmak başlangyjyny öňe sürenligi üçin aýratyn sylaglara mynasyp boldy. Bu sylaglaryň üsti bilen “Ýüpek ýoly” Halkara söwda edarasy we Aziýa-Ýuwaş Umman sebiti ýurtlarynyň söwda-senagat edaralarynyň konfederas...