SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HGI-NDA «HALKARA GATNAŞYKLARYNDA BITARAPLYK SYÝASATY WE ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY: TÜRKMENISTANYŇ TEJRIBESI WE ONUŇ ÄHMIÝETI» ATLY HALKARA MASLAHATY GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binasynda «Halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk syýasaty we öňüni alyş diplomatiýasy: Türkmenistanyň tejribesi we onuň ähmiýeti» atly halkara maslahaty we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan sergisi geçirildi. Maslahatyň işine Mejlisiň deputatlary, ýurduň degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurtda işleýän dip...
1690 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 1690 adam türkmen raýatlygyny kabul etdi. Hormatly prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisinde degişli Permana gol çekdi. Wise-premýer, DIM-niň ministri Raşid Meredowyň habar berşi ýaly, hereket edýän milli kanunçylykdan hem-de halkara hukuk kadalaryndan, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasyny düzýän ynsanperwerlik ýörelgelerden ugur alnyp, adamlaryň, şol sanda belli sebäpleriň hem-de ýagdaýlaryň netijesinde öz Watanyny taşlamaga mejb...
ÝUNESKO “KÜŞTDEPDI” MILLI SUNGATYNYŇ MADDY DÄL MEDENI MIRASYNYŇ REPREZENTATIW SANAWYNA GIRIZILMEK BARADAKY ÇÖZGÜDI KABUL ETDI
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gatnaşyjylara ýüzlenip, aýdym aýtmagyň we tans etmegiň “Küştdepdi” milli sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizilendigi baradaky hoş habary aýtdy. Bu çözgüt 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Çeju şäherinde (Koreýa Respublikasy) Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 12-nji mejlisiniň barşynda biragyzdan kabul edildi. Bu çözgü...
Owganystanyň baştutany Türkmenistanyň Prezidentini Serhetabat-Turgundi demir ýolunyň gurluşygynyň başlanmagy bilen gutlady
Owganystan Respublikasynyň Prezidenti Mohammat Aşraf Gani Türkmenistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa hat iberdi onda şeýle diýilýär: Siziň Alyhezretiňiziň Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň gurluşygyna başlanmagy mynasybetli guralan dabara gatnaşmagy owgan halky üçin Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary äşgär edýän ýakymly waka öwrüldi. Bu demir ýoluň gurluşygy Turgundynyň üsti bilen haryt dolanyşygyny artdyrmak, owgan önüml...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝHHG-NIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2017-nji ýylyň 7-8-nji dekabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilen ÝHHG-niň agza döwletleriniň Daşary Işler Ministrleriniň Geňeşiniň 24-nji mejlisine gatnaşdy. ÝHHG-de häzirki wagtda başlyklyk edýän Awstriýanyň Daşary işler ministri S.Kurtsyň ýolbaşçylygynda geçirilen Ministrler Geňeşiniň işine guramanyň 57 agza hem-de 11 hyzmatdaş ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Ministrler Geňeşiniň mejlisiniň dowamynda ÝHHG agza döwletlerindäki...
MOSKWADA HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTLERINIŇ ÝEDINJI MASLAHATY BOLUP GEÇDI
2017-nji ýylyň 4-5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Moskwa şäherinde boldy we Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministleriniň ýedinji maslahatyna gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýasyndan gelip çykýan meseleleri, şeýle hem ykdysadyýeti, ulagy, brakonýerçilik bilen göreş...
Türkmenistan raýat awiasiýasynyň logistiki kuwwatyny ýokarlandyrýar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 1-njy dekabrda bolan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde yklymyň magistral ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň çäk ýagdaýynyň atrykmaçlygynyň ýurdumyza Ýewraziýa gatnaşyklaryny üpjün etmek üçin milli ulag serişdelerimizi amatly peýdalanmaga mümkinçilik berýänligini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli ulag ulgamlarynyň okgunly döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurdygyna hem-de iň oňat dünýä ölçegleriniň derejesi...