SOŇKY HABARLAR
Bitaraplyk gününe we Täze ýyla bagyşlanylan baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasy düzüldi
Türkmenistanyň medeniýet ulgamy Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmek işlerini alyp barýar. Däp boýunça durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylyş dabaralary dekabryň bu baýramçylyk wakalaryna gabatlanylar. Baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasyna Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsertler, sergiler we bäsleşikler, ylmy hem-de pudaklaýyn maslahatlar girýär. Däp boýunça dekabr aýynyň üçünji ongünlüginde ýaş estrada aýdymçylarynyň hem-de höwesjeň aýdymçy ýaşla...
2018-nji ýyldan Türkmenistanda “Maliýe we ykdysadyýet” žurnaly neşir edilip başlanar
Türkmenistanda “Maliýe we ykdysadyýet” ylmy-amaly žurnaly döredildi. Ol geljek ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap türkmen, iňlis, rus dillerinde çap ediler. Hökümetiň mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine “Altyn asyryň ykdysadyýeti” we “Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnallarynyň işini bes edip, olaryň binýadynda “Maliýe we ykdysadyýet” ylmy-amaly žurnalyny hem-de ministrligiň...
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda arheologik gözlegleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň mejlisinde medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer A. Garajaýewe hem-de ylym we bilim ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer S. Toýlyýewe Türkmenistanyň çäklerinde halkara arheologiýa gazuw-agtaryş işlerini işjeňleşdirmegi tabşyrdy. Bellenilişi ýaly, şu maksatlar bilen dünýä belli institutlar bilen gepleşikleri geçirmeli. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şeýle ekspedisiýalar näçe köp guralsa, şonça-da edermen türkmen halkynyň...
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri energetika we aragatnaşyk pudaklarynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
24-nji noýabrda hökümetiň mejlisinde habar berilişi ýaly, 20-21-nji noýabrda Owganystan Yslam Respublikasyna bolan iş saparynyň barşynda TOPH gaz geçirijisiniň, kuwwaty 500 kWt bolan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Owganystanyň iri düzümleýin taslamalara gatnaşmagynyň goňşy döwletiň ykdysadyýetini dikeltmek üçin esasy şert b...
Aşgabatdaky halkara sergide döwrebap tehnologiýalar we enjamlar gökeziler
2-4-nji dekabr aralygynda Aşgabatda importuň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara sergisini geçirler. Sergide dürli pudaklar – nebitgaz, himiýa, oba hojalyk we azyk senagaty, saglygy goraýyş ulgamlary we beýlekiler üçin döwrebap enjamlar görkeziler. Sergi lazer we elektron tehnologiýalary ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek maksady bilen Türkmenistanda çykarylýan önümleri mahabatlandyrma...
Türkmenistan halkara energetika işewürliginiň täze görnüşini işjeň ösdürýär
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” möhüm resminama bolup durýar. Onuň durmuşa geçirilmegi eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine, türkmenistanlylaryň abadançylygynyň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam etmelidir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulularyň geçen maslahatynda eden maksatnamalaýyn çykyşynda bu maksatnamanyň esasy ugurlaryny kesgitledi. Onda milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak, diwersifi...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň awtomobil sporty merkezine bardy
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde ýerleşýän awtomobil sporty merkezine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz häzirki zaman ýaryş awtoulaglaryny synlady. Täze awtoulaglaryň IIM-niň garamgyndaky Awtosport merkeziniň ygtyýaryna gelip gowşandygy barada içeri işler ministri I.Mulikow Howpsuzlyk geňeşiniň düýn geçirilen göçme mejlisinde habar berdi, ol döwlet Baştutanymyza bu topluma baryp görmek hem-de täze awtoulaglary gözden geçirmek baradaky haýyş bilen ýüz tutdy. Türkmeni...