SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan Serhetabat-Turgundy demir ýol şahasyny döwrebaplaşdyrmagyň taslamasyny durmuşa geçirýär
Aşgabatda “Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen Owganystanyň Demir ýollary edarasynyň arasynda Turgundy serhet stansiýasynyň demir ýol şahasyny düýpli abatlamak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekmek çäresi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda taýýarlanan Ähtnama Owganystanda serhet ýakasyndaky Turgundy bekedinde demir ýoly düýpli abatlamagy göz öňünde tutýar. Türkmenistanyň we Owganystanyň ykdysady, taryhy we m...
Krakowda geçen matematika boýunça Halkara olimpiadasynda TDU-nyň mugallymlary we talyplary üstünlikli çykyş etdiler
13-18-nji noýabrynda Krakow şäherinde (Polşa Respublikasy) geçen matematika boýunça Halkara olimpiadasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary üstünlikli çykyş etdiler. Olaryň hatarynda amaly matemetika we informatika kafedrasynyň mugallymy Pälwan Agamyradow we adybir fakultetiň bäşinji ýyl talyplary Agaserdar Ýollyýew, Ilşat Weliýew we Döwran Nurgeldiýew ikinji orna hem-de agzalan fakultetiň üçünji ýyl talyby Murat Çäşemow üçünji orna mynasyp boldular...
Ýurduň obasenagat toplumy täze oba hojalyk möwsümine taýýarlyk görýär
Ýurtda OST-nyň tehniki düzümleri täze oba hojalyk möwsümine işjeň taýýarlyk görýärler. Dünýäniň öňdebaryjy oba hojalyk enjamlaryny ödürijilerden tehnikalar gelip gowuşýar, maşyn-traktor parky we ýer gazyjy maşynlar täzelenilýär. Şeýlelikde döwlet tarapyndan ýurduň oba senagat toplumyny hil taýdan täze tehnologik derejä çykarmak we netijeli ýöretmek üçin şertler dörediýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda ýurduň Oba we suw hojalyk ministrligi «John Dee...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASY “BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MERKEZIŇ ORNY”ATLY KARARNAMANY KABUL ETDI
2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistan tarapyndan teklip edilen “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziň orny” atly kararnamany kabul etdi. Kararnamanyň awtordaşy bolup 57 ýurt çykyş etdi. Kararnamada Merkeziň sebitiň ýurtlarynyň arasynda umumy ynjalyksyzlyk döredýän soraglary bilen bagly meseleleri çözmek boýunça dialogy berkitmek üçin amala aşyrýan tagallalary oňlanylýar. Kararnamany Baş Assamb...
Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň Rezolýusiýasynyň kabul edilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli Watandaşlarymyza gutlag hatyny iberdi
Sizi halkara ähmiýetli uly taryhy waka - Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagynyň 10 ýyllygy hem-de şanly sene mynasybetli bu Guramanyň Baş Assambleýasynyň 17-nji noýabrda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň orny» atly Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Mälim bolşy ý...
EÝRANA TÜRKMEN YNSANPERWER KÖMEGI UGRADYLDY
Maşatda Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan ugradylan Eýranyň ilaty üçin ynsanperwer ýükli kömegi bermek çäresi boldy. Bu ýurduň Kermanşah welaýatynda Sarpol-e-Zahab etrabynda güýçli ýertitreme bolup, onuň derejesi Rihter ölçegi boýunça 7,4 bala ýetdi. Iberlen ýüki – derman serişdelerini ýörite awtoulag kerweni ýetirdi. Ugradylan önümleriň umumy bahasy 280 müň manatdan gowrakdyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýrugynda türkmen halkynyň ata-babalarynyň beýik ynsanperwer...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
2017-nji ýylyň 18-nji noýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde maslahat geçirildi, onuň barşynda 14-15-nji noýabrda Aşgabatda geçen Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) jemleri jemlendi, şeýle-hem Owganystanyň parahatçylykly ösüşine ýardam bermek boýunça meýilnamalaýyn işi dowam etmegiň we özarabähbitli sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meýilnamalaryna seredilip geçdildi. Bellenilip geçilşi ýaly, forumyň işine 37 döwletd...