img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
7 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti Awazanyň dynç alyş düzüminiň ösdürilişi bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ugramazynyň öň ýany degişli ýolbaşçylara howa menzilini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmaga degişli birnäçe tabşyryklary berdi. Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelen soň, döwlet Baştutanymyzy welaýatyň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar. ...

DOWAMY
pic
6 Noý

Türkmenistanyň Mejlisi oýlap tapyşlaryň intellektuallygyň çäklerindäki hukuk goragy hakyndaky Karary kabul etdi

Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky ýigrimi dördünji maslahaty geçirildi, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, Konstitusiýanyň rejelenen görnüşine hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Maslahata degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem köpçülikleýin...

DOWAMY
pic
4 Noý

TÜRKMENISTAN ÝUNESKO-NYŇ BAŞ KONFERENSIÝASYNYŇ WISE-PREZIDENTLIGINE SAÝLANDY

ÝUNESKO-nyň Parižde ýerleşýän Baş edarasynda guramanyň Baş Konferensiýasynyň 39-njy mejlisi öz işine başlady. 2017-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 202-nji sessiýasyndaky №202 EX/27 Part III bellikli çözgüde görä Türkmenistan BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça Baş Konferensiýasynyň (ÝUNESKO) başlygynyň orunbasarlygyna saýlandy. Munuň özi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň içerki özgertmeleriniň esasy, möhüm we zerur şerti bolup durýan işj...

DOWAMY
pic
3 Noý

AWAZADA HALKARA SYÝAHATÇYLYK MASLAHATY AÇYLDY

2017-nji ýylyň 1-nji noýabrynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergisiniň açylyşy hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça adybir maslahatyň ilkinji güni geçirildi. Çäreler Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Maslahata ýigrimiden gowrak döwletden: Russiýadan, Hytaýdan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Awstraliýadan, Braziliýadan, Germaniýadan, Çehiýadan, Polşadan, B...

DOWAMY
pic
2 Noý

AŞGABATDA “TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY — 2017” ATLY ХХII HALKARA MASLAHAT WE SERGI AÇYLDY

2017-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017” (OGT — 2017) atly ХХII Halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ony “Türkmennebit” döwlet konserni we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilelikde guraýar. Iri nebitgaz forumyna alymlar we bilermenler, hökümet düzümleriniň hem-de iri guramalaryň, dünýäniň öňdebaryjy ýangyç-energetika kompaniýalarynyň we ýurdumyzyň ugurdaş pudak edaralarynyň, şeýle hem türkmen we daşary ýurt ha...

DOWAMY
pic
2 Noý

Türkmenistan – Täjigistan: ikitaraplaýyn we sebit ähmiýetli strategiki hyzmatdaşlyk

Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar. Milli Liderimiziň bu sapary dostlugyň berk binýadyna hem-de özara bähbitli deňhukukly hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze möhüm sahypalary ýazar. Ýokary derejedäki nobatdaky ikitaraplaýyn gepleşikler Türkmenistanyň we Täjigistanyň doly möçberli hyzmat...

DOWAMY
pic
1 Noý

Türkmen-täjik işewürler maslahatyna gatnaşyjylar tagallalary birleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna boljak resmi sapary mynasybetli Duşenbe şäherinde türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi.  Türkmen wekiliýetiniň düzümine dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şol sanda Maliýe we ykdysadyýet, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklary, Demir ýol ulaglary, Oba we suw hojalyk, Senagat, Gurluşyk we binagärlik, Dokma senagaty, Medeniýet ministrlikleriniň, şeýle hem “Türkmenhimiýa” we “Türkmennebit” döwlet k...

DOWAMY