img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Sen

On iki günläp dowam eden ajaýyp sport çäreleri

12 günläp dowam eden täsirli sport ýaryşlaryndan soňra Aşgabat 2017-niň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary 27-nji sentýabr güni tamamlandy. 15 sany ýaryş geçirilýän desgada sportuň 21 görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlar Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Çünki, 17-27-nji sentýabr aralygynda Aşgabat şäherinde deňi-taýy bolmadyk sport çäresi geçirilip, ol Aziýanyň, Okeaniýanyň we ondan-da uzakdaky ýurtlara göni ýaýlymda görkezildi.  Müňlerçe myhmanlar Aşg...

DOWAMY
pic
28 Sen

Aşgabat 2017-niň Ýapylyş dabarasynda AOG-yň Prezidenti Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilen iň gowy Aziýa oýunlaryň bolandygyny aýtdy

Türkmenistanyň Prezidenti onuň Alyhezretleri Gurbanguly Berdimuhamedow hepdäniň çarşenbe güni agşam geçirilen Ýapylyş dabarasynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny dabaraly ýagdaýda ýapyk diýip yglan etdi.  2010-njy ýylda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi (AOG) tarapyndan Aşgabat şäherinde geçirmek ygtyýary berlen bu ajaýyp Oýunlaryň sentýabr aýynyň 17-sinde Açylyş dabarasy şowhunly geçirildi. Bu Oýunlara 65 wekilýetden 6000 türgen we toparlaryň resmi wekilleri gatnaşdy. 65 w...

DOWAMY
pic
28 Sen

Döwlet Baştutanymyzyň “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Dabara Mejlisiň başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, syýasatşynaslar, sport jemgyetçiliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.  Milli Liderimiz köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi dö...

DOWAMY
pic
28 Sen

Aşgabat 2017-niň şowhunly ýapylyş dabarasy

Çarşenbe güni Aşgabat 2017-niň ähli medallary öz ussatlygyny görkezen mynasyp türgenlere gowşuryldy, emma şu wagta çenli geçirilen iň gowy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň tamamlanmagyna ýene-de bir ädim galdy.    Oýunlaryň ahyrky tapgyry bolan ýapylyş dabarasy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çarşenbe güni agşam  Aşgabat 2017-ni ýapyk diýip yglan etmegi bilen başlandy. Soňra Aşgabat 2017-niň alawy öçürildi we 45 000 orunluk Aşgabat O...

DOWAMY
pic
27 Sen

Sambo boýunça türkmen topary 8 altyn medal bilen öňde

Türkmenistan, Gyrgyzystan we Gazagystan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sambo görnüşi boýunça ýaryşyny her biri iki medal bilen tamamlady.  25-nji sentýabr duşenbe güni medal baýraklaryny gazanandan soň, türkmen topary öz ýeňşini esasy garşydaşlary bilen paýlaşan-da bolsa, sekiz altyn,  jemi 23 medaly almagy başardy. “Biz hakykatdan hem birek-birege goldaw berýäris. Ýaryşdan öň biz diňe bir topardaşdyk. Indi bolsa, bir-birimiz bilen dost bolman, eýsem dogan ýal...

DOWAMY
pic
27 Sen

Türkmen kikboksçylary Oýunlaryň taryhynda yz goýdylar

Dört sany türkmen kikboksçysy altyn medallaryň mynasyp eýeleri bolmak bilen 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň taryhynda yz goýdylar.  Olar Taýboks we kikboksing arenasynda 23-26-njy sentýabr aralygynda, ýagny şenbe gününden sişenbe gününe çenli, kikboksing boýunça geçirilen tutluşyklarda ýeňiji bolmagy başardylar. Türkmenistanly pälwanlar Merdan Mämmedow (kik-laýt -69kg), Muhammet Altybaýew (lou-kik -63,5kg), H. Geldimä...

DOWAMY
pic
26 Sen

Türkmen ýygyndy toparynyň ýeňişleri

Düýn V Aziadanyň çäklerinde sportuň on bir görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi - olardan sambo, kikboksing, erkin göreş, agyr atletika, bilýard, sport tanslary boýunça türgenlerimiz 23 medala, şol sanda 6 altyn medala mynasyp boldular. Häzirki pursada çenli Türkmenistanyň ýygyndy topary jemi 229 medala – 85 altyn, 65 kümüş we 79 bürünç medala eýe bolup, umumy hasapda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda uly tapawut bilen ynamly öňdeligi eýeleýär. HHR-iň ýygyndy topar...

DOWAMY