SOŇKY HABARLAR
Sambo boýunça türkmen topary 8 altyn medal bilen öňde
Türkmenistan, Gyrgyzystan we Gazagystan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sambo görnüşi boýunça ýaryşyny her biri iki medal bilen tamamlady. 25-nji sentýabr duşenbe güni medal baýraklaryny gazanandan soň, türkmen topary öz ýeňşini esasy garşydaşlary bilen paýlaşan-da bolsa, sekiz altyn, jemi 23 medaly almagy başardy. “Biz hakykatdan hem birek-birege goldaw berýäris. Ýaryşdan öň biz diňe bir topardaşdyk. Indi bolsa, bir-birimiz bilen dost bolman, eýsem dogan ýal...
Türkmen kikboksçylary Oýunlaryň taryhynda yz goýdylar
Dört sany türkmen kikboksçysy altyn medallaryň mynasyp eýeleri bolmak bilen 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň taryhynda yz goýdylar. Olar Taýboks we kikboksing arenasynda 23-26-njy sentýabr aralygynda, ýagny şenbe gününden sişenbe gününe çenli, kikboksing boýunça geçirilen tutluşyklarda ýeňiji bolmagy başardylar. Türkmenistanly pälwanlar Merdan Mämmedow (kik-laýt -69kg), Muhammet Altybaýew (lou-kik -63,5kg), H. Geldimä...
Türkmen ýygyndy toparynyň ýeňişleri
Düýn V Aziadanyň çäklerinde sportuň on bir görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi - olardan sambo, kikboksing, erkin göreş, agyr atletika, bilýard, sport tanslary boýunça türgenlerimiz 23 medala, şol sanda 6 altyn medala mynasyp boldular. Häzirki pursada çenli Türkmenistanyň ýygyndy topary jemi 229 medala – 85 altyn, 65 kümüş we 79 bürünç medala eýe bolup, umumy hasapda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda uly tapawut bilen ynamly öňdeligi eýeleýär. HHR-iň ýygyndy topar...
TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 72-NJI MEJLISINIŇ GARAMAGYNA TEKLIP EDEN ÄHMIÝETLI GARAÝYŞLARY WE BAŞLANGYÇLARY
2017-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili, Ilçi A.Ataýewa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda umumysyýasy ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan çykyş etdi. Türkmenistanyň Hökümeti terrorçylygy ähli görnüşlerde we ýüze çykmalarda şübhesiz ýazgarýar we terrorçylygyň öňüni almaklyk milli, sebitleýin we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm bölegi bolup durýar diýip ykrar edýär, hem-de şunuň bilen baglylykda Tür...
Oýunlarda Türkmenistanyň gazanan medallarynyň sany 200-den aşdy
24-nji sentýabrda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda biziň ýygyndy toparymyz sportuň kikboksing, sambo, erkin göreş, agyr atletika, basketbol görnüşleri boýunça uly ýeňişleri gazandylar. Şonda olar medallaryň 13-sini, şol sanda 2 altyn medal eýelediler. Türkmenistanyň ýygyndysy medallaryň umumy hasaby boýunça birinji orny ynamly eýeleýär. Geçirilen bäsleşikleriň jemleri boýunça türkmen türgenleri umuman 206 medallara eýe boldular. Olaryň 79-sy altyn, 58-si kümüş we...
Britaniýanyň “Triwandi Çanzo” kompaniýasy – Oýunlarda doping-barlag üpjünçilik düzüminiň biridir
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Türkmenistanda geçirilmeginde sport düzüminiň ösen ulgamy möhüm orun eýeledi. Jemgyýetiň mundan beýläk-de ösüşiniň möhüm şerti bolan sport ulgamynyň ösdürilmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow yzygiderli üns berýär. Alnyp barylýan giň möçberli işleriň netijesinde, paýtagtymyzda ösen halkara ölçeglerine laýyk gelýän we ýokary derejeli ýaryşlary guramaga mümkinçilik berýän täsin sport desgalaryny özünde jemleýän toplum...
DÜNÝÄNIŇ 82 ÝURDUNDAN 500-DEN GOWRAK HABARÇYLARY “AŞGABAT 2017” OÝUNLARYNYŇ BARŞYNY BEÝAN EDÝÄRLER
Şu günler Türkmenistanyň paýtagtynda daşary ýurt žurnalistleriniň 500-den gowragy işläp, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň barşyny dessin beýan edýärler. Daşary ýurt metbugatynyň wekilleri üçin Olimpiýa şäherçesinde netijeli işlemek üçin ähli şertler döredildi. Ýaryşlary beýan edýän žurnalistleriň ygtyýarynda iň gowy döwrebap tehnikalar bolup, olar öz habar beriş serişdeleriniň redaksiýalary bilen aragatnaşyk hem-de amatly iş otaglary bilen üpjün edildi. Häzir bu ý...