img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
24 Sen

Eýranly türgen Moradi Aşgabat 2017-de dünýä rekordyny goýdy

Eýranly türgen Sohrab Moradi Aşgabat 2017-de agyr atletika sporty boýunça 18 ýyl mundan ozal goýlan rekordy täzelemegi  Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň taryhynda iň ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy. Rio 2016 olimpiýa çempiony erkekleriň arasynda 94 kg agramlykda geçirilýän agyr atletika ýaryşynda jemi 413 kg göterip, täze jemlenen utugy görkezdi. Ol 23-nji sentýabrda geçirilen ýaryşda örän täsirli çykyş etdi.    Ýaryşdan bir gün öň 29 ýaşyny baýram eden M...

DOWAMY
pic
23 Sen

Türkmen topary V Aziýa oýunlarynda umumy sanawda öňdeligi eýeläp gelýärler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda sportuň 12 görnüşi boýunça bäsleşikler geçirildi, Türkmen türgenleri jemi – 18 medala, şol sanda 8– altyn medala mynasyp boldular. Türkmenistanyň ýygyndy topary ýaryşlaryň ähli günleriniň netijesi boýunça jemi – 193 medal, şol sanda – 77 altyn, 54- kümüş we 62- bürünç medal gazanyp, umumy hasapda birinji orunda barýar. Guşakly göreşiň jemleýji gününde nusgawy “alyş” görnüşinde tutluşyklar geçirildi. Biziň türgenlerimiz sportuň bu gö...

DOWAMY
pic
23 Sen

Öňdebaryjy lukmançylyk edaralary «Aşgabat 2017» oýunlaryna gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň saglygynyň goragynda

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary gije-gündiziň dowamynda myhmanlara we ýaryşlara gatnaşyjylara dürli meseleler boýunça kömek berýän ýüzlerçe hünärmenlerden işiň ýokary netijeliligini talap edýär. Şeýle giň möçberli çärelerde lukmançylyk hyzmatlarynyň ýola goýulmagy möhüm zerurlyk bolup durýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary derejeli işgärleri hut şeýle wezipeleri ýerine ýetirýärler. Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň içinde we onuň ýanynda hereket edýän...

DOWAMY
pic
23 Sen

OLIMPIÝA ŞÄHERÇESINDE BOSGUNLAR TOPARYNA SOWGAT GOWŞURMAK DABARASY GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Hökümetiň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Olimpiýa Komitetiniň adyndan Bosgunlar toparynyň agzalaryny Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna işjeň gatnaşandyklary üçin hormatly sylaglary hem-de sowgatlary gowşurmak barada tabşyryk berip, bu çäräniň BMG-niň Adam hukuklary baradaky 36-njy maslahatynda biziň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen “Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň parahatçylygy we adam...

DOWAMY
pic
22 Sen

Türkmen futzalçylary çärýek finala taýýarlanýarlar

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda futzal boýunça ýaryşyň toparlaýyn tapgyrynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary çärýek finala geçmegi başardy. 23-nji sentýabrda geçiriljek duşuşygyň netijesi biziň toparymyzyň ýaryşyň medallaryna dalaş edip biljekdigini görkezer. Munuň üçin bolsa ähli mümkinçilikler bar, çünki türkmen futzalçylarynyň “A” toparda geçiren üç duşuşygyndaky oýunlary örän çalasyn we şowly boldy. Ýaryşlaryň bu tapgyrynda Türkmenistanyň ýygyndy...

DOWAMY
pic
22 Sen

Türkmenistanda kerwensaraýlar Yslam dini ýaýramazdan has öň peýda bolupdyr

Orta asyrlarda Ortaýer deňzinden tä Hytaýa çenli Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda söwda kerwenleriniň dem-dynç almagy we olary goramak üçin her 30-4- kilometrden tutuşlugyna ýapyk diwarly hem-de gorag berkitmeli ýörüte gonalgalar gurlupdyr. Olar kerwen irden bir gonalgadan ugrap agşama beýlekisine barar ýaly hasap bilen gurlupdyr. Olara köplenç kerwensaraý diýlipdir. Şäherlerdäki kerwensaraýlara gorag gerek bolmandyr, çünki olar bazarlaryň gapdalynda- şäher merkezinde gurlupdyr.  Türkmenistanda ke...

DOWAMY
pic
21 Sen

“Aşgabat 2017” Oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmeniň taryhy: Nusaý

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy hakydamyzda uzak wagt saklanar. Ol üç ýarym sagada golaý dowam edip, jadyly pursatlar deýin geçip gitdi. Döwlet Baştutanlary, resmi wekiliýetleriň ýolbaşçylary, köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri—hemmeler müňlerçe adamlaryň gatnaşmagynda döredilen ajaýyp şüweleňe haýran galdylar. Aşgabadyň 45 müň adamlyk Olimpiýa stadionyna gelen tomaşaçylaryň öňünde türkmeniň taryhynd...

DOWAMY