SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA V AZIÝA OÝUNLARYNA 30 GÜN GALMAGY MYNASYBETLI ÇÄRE GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 30 gün galmagy mynasybetli çäreler badalga aldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ähli çäreler bilen birlikde “Awtoulagsyz gün” atly köpçülikleýin ekologiýa çäresine, şeýle hem durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Irden Türkmenistanyň Prezidenti welosipedli ýörişe badalga berdi. Döwlet baştutanynyň ýolbaşçylygyndaky ýörişe gatnaşyjylar Saglyk ýolun...
Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri we Türkmen-Malaý syýahatçylyk operatorlarynyň arasynda işewürlik duşuşygy
2017-nji ýylyň 17-27 – nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrmak we giňden dünýä ýaýmak boýunça maksatnamanyň çäklerinde 2017-nji ýylyň 16-njy awgustynda Malaýziýanyň Syýahatçylyk Merkeziniň Köpugurly zalynda “Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri we Türkmen-Malaý syýahatçylyk operatorlarynyň arasynda işewürlik duşuşygy” atly çäre geçirildi. Agzalan çäre Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasyny...
Ýerine ýetiriji komitet Türkmenistanda petek satuwlaryny “Açyk” diýip yglan edýär
Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin petekleriň satuwy şenbe güni, 29-njy iýulda başlaýar. 220 sport ýaryşy üçin 700 000-den gowrak petek satylar. Tomaşaçylar sportuň 21 görnüşi boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň ussat türgenleriniň arasynda 12 günüň dowamynda geçiriljek ýaryşlara tomaşa edip bilerler. Tomaşaçylar ýaryşlaryň rejesinde görkezilen ähli sport ýaryşlaryny, şol sanda seçilip alynýan ýaryşlary we final tapgyrlary barada maglumaty öwrenip, isleg...
Aşgabat 2017-niň başlamagyna 100 günüň galmagy mynasybetli dabara
Aşgabat 2017 oýunlarynyň başlamagyna 100 günüň galmagy mynasybetli Mary şäheriniň köpugurly stadionynda uly dabara geçirildi. Bu dabarada çykyş eden tansçylaryň we medeniýet işgärleriniň ajaýyp çykyşlaryna dünýäniň dürli künjeklerinden gelen 100-den gowrak köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri tomaşa etdiler. Bu çäre paýtagtymyz Aşgabatda we Mary şäherinde birnäçe gün dowam eden halkara media forumyň çäginde taýýarlanyldy. Aşgabatda geçiriljek Oýunlar barada habar bermek we haba...
Aşgabat AZIADA2017-de dünýä derejesindäki sport çärelerini geçirmegi söz berýär
Kuala Lumpur, 10 iýun (Bernama) - Ýenede 100 günden hem az wagtdan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryny (AZIADA 2017) geçirjek Türkmenistan, Aziýa-Ýuwaşumman sebitiniň 62 ýurdundan gatnaşjak türgenlere dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň ýatdan çykmajak günlerini üpjün etmegi söz berýär, diýip Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi Ýazguly Mammedow aýdýar. Şeýle-de ilçi bu Merkezi Aziýanyň ýurdy (Türkmenistan) üçin 17-27-nji sentýabrdaky oýunlaryň taryhy waka boljak...
TÜRKMENISTAN MERKEZI AZIÝA HALKARA EKOLOGIK FORUMYNY KABUL EDÝÄR
2017-nji ýylyň 5-nji iýunynda paýtagtyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Merkezi Aziýada daşky gurşaw we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin başlangyç» şygary astyndaky üç günlük Merkezi Aziýa halkara ekologik forumy öz işine başlady. Forumyň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň wekilleri, Türkmenistanda işleýän halkara we sebitleýin guramalarynyň, diplomatik missiýalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, daşky gurşawy goramak boýunça öňdebaryjy bilermenler, ekologiýa ulgamynyň we k...
AŞGABATDA ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ KONFERENSIÝASYNYŇ 28-NJI MEJLISINE BAGYŞLANAN MEDIA-FORUM ÖZ IŞINE BAŞLADY
2017-nji ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine bagyşlanan media-forum geçirildi. Forumyň işine daşary ýurtly we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, bilermenler, halkara guramalaryň wekilleri we degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Hususan-da, foruma gatnaşmak üçin Aşgabada 30-a golaý halkara habar agentlikleriniň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri geldi. Olar “AzerTaj”, “Ros...