SOŇKY HABARLAR
PRESS-RELIZ
2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Geňeşi Türkmenistanyň hökümetiniň başlangyjy bilen “Parahatçylygy we adam hukuklary pugtalandyrmak babatdaky Olimpiýa bosgunlar toparlarynyň gymmat goşantlaryny sylaglamak barada” atly Türkmenistanyň we Braziliýanyň bilelikdäki beýannamasyny kabul etdi. Bu resminama laýyklykda BMG-niň Adam hukuklary boýunça Geňeşiniň agza ýurtlary iri halkara sport çärelerde, şol sanda ilkin...
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynda we BMG-niň adam hukuklary baradaky Geňeşinde täze we möhüm başlangyçlary boýunça çykyş eder
Türkmen wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna, şeýle hem BMG-niň adam hukuklary baradaky geňeşiniň 2017-nji ýylyň sentýabrynda Ženewada geçiriljek 36-njy mejlisine gatnaşar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Daşary işler ministri R.Meredow öz hasabatynda habar berdi. Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň möhüm talaplaryny nazara almak bilen işlen...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITAPLARY – HALKARA NEŞIR BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERI
Otuzynjy Moskwa halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde GDA döwletleriniň “Kitap sungaty” halkara bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistan tarapyndan bäsleşige hödürlenilen kitaplaryň dördüsi hem ýokary baýraklara mynasyp boldy. Şu ýyl “Kitap sungaty” bäsleşiginiň baýraklary ugrunda on ugur boýunça 87 neşir bäsleşdi. Türkmen neşirýatçylary eýýäm birnäçe gezek ýeňiji bolupdylar we aýry-aýry ugurlarda baýrakly orunlary eýeläpdiler. Emma ýurdumyzyň döwlet neşirý...
V AZIÝA OÝUNLARYNYŇ POÇTA MARKALARYNYŇ TOPLUMY TÜRGENLER WE JANKÖÝERLER ÜÇIN ÝADYGÄRLIK BOLAR
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi biziň ýurdumyzyň taryhyna uly ähmiýetli waka bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hormatyna poçta markalarynyň iki tapgyryny çykardy. Olaryň birinde Aziadanyň maksatnamasyna girizilen sportuň ähli görnüşlerini dabaralandyrýan Wepaly alabaýyň keşbi, beýlekisinde bolsa olaryň piktogrammalary şekillendirilendir. Olar bilelikde Oýunlaryň nyşanlary hakynda uly bolmadyk beýanat bolup durýarlar. Poçta markalarynyň Baýdak, Tugra, S...
AŞGABAT 2017 BOÝUNÇA SANLY MAGLUMATLAR
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary 16-njy sentýabrda badalga alar. Ýaryşyň birinji gününde Oýunlaryň medal gowşurylyş dabaralarynyň ilkinjileri (türkmen milli göreşi we jiu-jitsu boýunça) we ertesi güni, ýagny 17-nji sentýabrda Oýunlaryň açylyş dabarasy geçiriler. Yklymda geçirilýän iň uly sport çäreleriň biri bolan Aşgabat 2017 barada maglumat taýýarlananda, gurluşyk we infrastruktura, iýmit üpjünçiligi, Aziýada we Okeaniýadan geljek türgenleri ýerleşdirmek boýunça gör...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 72-NJI MASLAHATYNA GATNAŞMAGA TAÝÝARLANÝAR
2017-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna taýýarlyk görlişi barada hasabat berdi. Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, Nýu-Ýorkda Milletler Bileleşiginiň nobatdaky forumynda ýurdumyzyň beýan etjek ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin aýtdy. Öňde boljak çäreleriň barşynda ählumumy parahatçylygyň,...
TÜRKMENISTANYŇ OLIMPIÝA ŞÄHERÇESINIŇ DESGALARY-GINNESIŇ REKORDLAR KITABYNDA
?Guinness World Records» kompaniýasynyň wekilleri Aşgabadyň täze gözel ýerleriniň käbir desgalaryny ölçegleri boýunça iň irisi hökmünde bellige aldylar. Olary tassyklaýan güwänamalara laýyklykda, ekologiki taýdan iň arassa serişdeler ulanylyp gurulan dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy tehnologiýalar we paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň şekili dünýäde atyň iň uly nyşany hökmünde, Sportuň suw görnüşleri merkezi bolsa dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti...