SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, şol sanda milli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere, öňde boljak şanly senelere taýýarlyk görmek boýunça çärelere,...
Söweş sungaty boýunça VII halkara oýunlarynda türkmen pälwanlary bir altyn we bürünç medallaryň hem bäşisini eýelediler
Minskde Söweş sungaty boýunça VII halkara oýunlary tamamlandy, onda Türkmenistanyň ýygyndy topary bürünç medallaryň ýene üçüsine mynasyp boldy. Olaryň ikisi toparlaýyn bäsleşiklerde, biri bolsa şahsy ýaryşlarda gazanyldy. Türgenlerimiz jemi alty medala – bir altyn we bäş bürünç medala eýe boldular. Goşanyýaz Durdyýewden, Orazmyrat Çaryýewden, Gaýgysyz Atabaýewden, Annamyrat Goşanyýazowdan we Serdar Hydyrowdan ybarat türkmen taekwondoçylarynyň topary iki görnüş: toparlaýyn (toplumlaýyn maşklar...
Türkmen agyr atletikaçylary Anahaýmada sowly çykyş edýärler
Anahaýmada agyr atletika boýunça geçirilýän dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary üstünlikli çykyşyny dowam edýär. Türgenlerimiz kümüş medallaryň ýene 3-sini gazandylar. Erkekleriň arasynda agyr atletikaçy Rejepbaý Rejepow 77 kilograma çenli agramda çykyş edip, silterläp we itekläp götermekde jemi 352 kilogram netije görkezip, ikinji orna mynasyp boldy. Ol şu ýyl ýaşlaryň arasynda dünýäniň çempiony bolan ABŞ-ly Harrison Deýs Maurusdan 4 kilogramy artyk göterip, öňe saýlandy we Rio...
Türkmen türgenleri kuraş boýunça dünýä çempionatynda medallaryň ýedisini eýelediler
Türkmenistanly pälwanlar Stambulda kuraş göreşi boýunça geçirilýän dünýä çempionatynda medallaryň 7-sine eýe boldular. Ýygyndy toparymyzyň hatarynda Aşgabatda sentýabrda geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda baýrakly orunlary eýelän güýçli türgenler bar. 4-nji dekabrda tamamlanýan dünýä birinjiligine 35 ýurtdan türgenleriň 270-si gatnaşýar. 60 kilograma çenli agramda çykyş edenleriň arasynda Şamuhammet Gurbanow kümüş medala eýe boldy. Mundan başga-da ýygyndy to...
Merkezi topar Mejlisiň altynjy çagyrylyşygynyň deputatlarynyň saýlawyna taýýarlyk çärelerini tassyklady
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Ol Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat etrap we şäher halk maslahatlarynyň dördünji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň sekizijiji çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk meselelerine bagyşlandy. Mejlise Merkezi saýlaw toparlarynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, milli synçylar, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň w...
Taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmegiň Döwlet maksatnamasy işlenilip taýýarlanyldy
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegi we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyny işlenilip taýýarlanyldy. Bu barada hökümetiň mejlisinde ylym-bilim ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer S.Toýlyýew habar berdi. Bu işiň türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny arheologiýa, etnografiýa, taryhy hem-de edebi taýdan öwrenmek boýunça toplumlaýyn ulgamy...
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar
Şu ýylyň 4–5-nji dekabrynda wise-premýer, daşary syýasat edaranyň ýolbaşçysy Raşid Meredow Moskwada Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar. Bu duşuşyga görülýän taýýarlyk barada Türkmenistanyň hökümetiniň mejlisinde habar berildi. Wise-premýeriň sözlerine görä, maslahatyň barşynda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň V sammitiniň gün tertibi bilen bagly meselelere garalar. Şol sammiti 2018-nji ýylda Gazagystan Respublikasynda geçirmek meýilleşdirilýär. Şu...