img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Dek

Türkmen türgenleri kuraş boýunça dünýä çempionatynda medallaryň ýedisini eýelediler

Türkmenistanly pälwanlar Stambulda kuraş göreşi boýunça geçirilýän dünýä çempionatynda medallaryň 7-sine eýe boldular. Ýygyndy toparymyzyň hatarynda Aşgabatda sentýabrda geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda baýrakly orunlary eýelän güýçli türgenler bar. 4-nji dekabrda tamamlanýan dünýä birinjiligine 35 ýurtdan türgenleriň 270-si gatnaşýar. 60 kilograma çenli agramda çykyş edenleriň arasynda Şamuhammet Gurbanow kümüş medala eýe boldy. Mundan başga-da ýygyndy to...

DOWAMY
pic
2 Dek

Merkezi topar Mejlisiň altynjy çagyrylyşygynyň deputatlarynyň saýlawyna taýýarlyk çärelerini tassyklady

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Ol Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat etrap we şäher halk maslahatlarynyň dördünji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň sekizijiji çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk meselelerine bagyşlandy. Mejlise Merkezi saýlaw toparlarynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, milli synçylar, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň w...

DOWAMY
pic
2 Dek

Taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmegiň Döwlet maksatnamasy işlenilip taýýarlanyldy

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegi we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyny işlenilip taýýarlanyldy. Bu barada hökümetiň mejlisinde ylym-bilim ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer S.Toýlyýew habar berdi. Bu işiň türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny arheologiýa, etnografiýa, taryhy hem-de edebi taýdan öwrenmek boýunça toplumlaýyn ulgamy...

DOWAMY
pic
1 Dek

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar

Şu ýylyň 4–5-nji dekabrynda wise-premýer, daşary syýasat edaranyň ýolbaşçysy Raşid Meredow Moskwada Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar. Bu duşuşyga görülýän taýýarlyk barada Türkmenistanyň hökümetiniň mejlisinde habar berildi. Wise-premýeriň sözlerine görä, maslahatyň barşynda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň V sammitiniň gün tertibi bilen bagly meselelere garalar. Şol sammiti 2018-nji ýylda Gazagystan Respublikasynda geçirmek meýilleşdirilýär. Şu...

DOWAMY
pic
30 Noý

Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy “Türkmenistan - beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdi

2017-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky llçihanasy tarapyndan Malaýziýanyň PETRONAS tehniki uniwersitetinde (UTP) okaýan türkmenistanly talyplar we uniwersitetiň talyplar bölüminiň wekilleri bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyza peşgeş beren “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler, türkmen topragynyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen siwiliz...

DOWAMY
pic
29 Noý

Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň Aşgabat Jarnamasy kabul edildi

Şu gün paýtagtymyzda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi öz işini dowam etdi, ol  Türkmenistanyň bu halkara guramasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýär. Ozal habar berlişi ýaly, foruma dünýäniň 52 döwletiniň-- Awstriýanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Bangladeşiň, Beýik Britaniýanyň, Wengriýanyň, Gruziýanyň, Gwatemalynyň, Eýranyň, Ispaniýanyň, Iordaniýanyň, Ýemeniň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Litwanyň, Mongoliýanyň, Nid...

DOWAMY
pic
28 Noý

Türkmenistanda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň mejlisi açyldy

Şu gün paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň mejlisi açyldy, şu ýyl Türkmenistan bu Konferensiýa başlyklyk edýär. Maslahata Konferensiýa gatnaşyjy döwletleriň we synçy ýurtlaryň, iri halkara we sebit guramalarynyň birnäçesiniň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmen paýtagty özünd...

DOWAMY