img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
4 Okt

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Katar Döwletiniň Emiriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň arasynda telefon arkaly gepleşik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli, doganlarça salamlaşyp, türkmen-katar gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Bu gatnaşyklaryň köpasyrlyk taryhy kökleri bardyr hem-de mäkäm dostlukly gatnaşyklara we ruhy-medeni gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanandyr. Türkmenistanyň...

DOWAMY
pic
4 Okt

Marguş ýurdy: medeniýetleriň çatrygynda

V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda görkezilen giň möçberli mowzuklaýyn makalalaryň dowamynda beýik türkmen döwletleriniň we dünýä belli şäherleriň taryhyndan parçalar janlandyryldy.  Olaryň hatarynda Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän beýik Parfiýa döwletiniň paýtagty, Balkan welaýatyndaky Dehistanyň taryhy künjegi, Daşoguz welaýatyndaky Hywa hanlygynyň paýtagty bolan Köneürgenç we Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Lebap welaýatynyň esasy şäherleriniň biri bolan Amul bar.  Özüniň ba...

DOWAMY
pic
3 Okt

2018-nji ýylda Owadandepede tebigy gazdan benzin öndürýän kärhana işe giriziler

Aşgabat-Daşoguz gara ýolunyň 32-nji kilometrinde iri gazhimiýasy önümçiginiň- tebigy gazdan benzin almak boýunça zawodyň gurluşygy alnyp barylýar.  Iş tabşyryjy „Türkmengaz“ Döwlet konserniniň maglumatlaryna görä, şu özboluşly ýokary tehnogiýaly kärhanada dünýäde ilkinji gezek uly möçberde tebigy gazdan suwuk ýangyç- benzin alnar.  Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň tehnologiýasyna esaslanýan «GTG – Gas to gasoline» taslamasy ýylda 1 milliard 785 million kubmetr tebigy gaz gaýtadan i...

DOWAMY
pic
3 Okt

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň işine Türkmenistanyň hem wekiliýeti gatnaşýar. BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissary F.Grandi giriş sözi bilen çykyş edip, “olimpiýaçy bosgunlara” goldaw bermegi BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Müdirligi öz hereketiniň bir ugry hökmünde kesgitländigini belle...

DOWAMY
pic
2 Okt

Ýurdumyzda guruljak ilkinji Aşgabat-Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýoly boýunça gatnaw 2020-nji ýylyň sentýabrynda başlanar

Aşgabat-Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýoly “Polimeks Insaat Taahhut we Sanayi Ticaret A.S.” kompaniýasy tarapyndan gurulýar. Türk gurluşykçylary Aşgabat-Daşoguz awtoýolunyň 24-nji kilometrinde demir ýol köprüsini we köprüleriň üsti bilen awtobanyň nolunjy kilometrini häzirki bar bolan gara ýol bilen birikdirjek ýorunja ýapragy şekilindäki aýlawy bina ederler. Geologo-geodeziki işler tamamlanandan soňra, topragyň gazylmagy we gara ýoluň tekizlenmegi dowam etdiriler. Taslamanyň utgaşdyr...

DOWAMY
pic
2 Okt

Türkmenistan Merkezi Aziýada Russiýa bilen ýygjam syýasy-diplomatik gatnaşyklary dowam etmäge taýýar

Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň Merkezi Aziýadaky ýagdaýlary ösdürmek babatda hyzmatdaşlygy ýokary derejedäki türkmen-russiýa gepleşikleriniň aýratyn meselesi boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, taraplar bu ýerde pugta parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi ugrunda yzygiderli hem-de maksada okgunly işleýär. Bu bolsa iki tarapyň strategiki bähbitlerine laýyk gelýär hem-de özara gatnaşyklarymyz bu maksada ýetmegiň möhüm şerti bolup çykyş...

DOWAMY
pic
2 Okt

HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

Ozal ýurdumyzda kabul edilen Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin we Gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatda gün tertibininiň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti olary durmuşa geçirmek boýunça, şol sanda BMG-niň Adam hukuklary boýunça Geňeşinde degişli resminamalary we rezolýusiýalary kabul etmek babatdaky işjeň hereketleri dowam edýär. Ynsanp...

DOWAMY