SOŇKY HABARLAR
17-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kasam kabul ediş dabarasy bolar
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanan hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 17-nji fewralda Aşgabatda kasam kabul edip, resmi taýdan wezipä girişmek dabarasy geçiriler. Ruhyýet köşgünde geçiriljek dabara resmi daşary ýurt wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary çagyryldy. Synçylar hökmünde ýurdumyza gelip, ýerlerde saýlawlaryň barşyna gözegçilik eden halkara guramalarynyň wekilleri, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçileri, milli we daşary ýurt ha...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda metbugat maslahaty geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň deslapky jemleri yglan edildi. Deslapky jemler boýunça saýlawçylaryň sesleriniň has köp sanyny – 97,69 göterimini Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aldy. Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy, Tür...
BMG-niň Baş Assambleaýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk Güni diýip yglan etdi
Birleşen milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek barada Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Bu çözgüt Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki ýokary abraýynyň hem-de onuň älumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşan uly goşandynyň ählumumy ykrar edilmesi boldy. Resminamada bellenilişi ýaly, bitaraplyk milli syýasaty degişli sebitlerde hem-de ählumumy derejede parahatçylygyň we howps...
PRESS–RELIZ
2017-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň paýtagtynyň Olimpiýa şäherjiginde 2017-nji ýylyň 17-27 sentýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan açyk metbugat maslahaty geçirildi. Metbugat maslahaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komiteti we Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti tarapyndan gurnaldy. Metbug...
Aziadanyň hormatyna badalga berilen atly ýöriş ýoluň ýarysyny geçdi
Mundan laýyk 250 gün ozal, 2016-njy 5-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gadymy “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýanynda Aziada — 2017 mynasybetli ýyndam hem-de owadan ahalteke bedewine atlanan 17 çapyksuwaryň gatnaşmagyndaky atly ýörişe badalga berdi. 500 günüň dowamynda atly ýöriş ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan geçer hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylýan güni Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde jemleýji pellehanasyna ýeter...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň (EMGK) resmi internet saýtynda ýerleşdirilen maglumatyna degişlilikde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şu aşakdakylary belleýär. EMGK-niň esassyz we obýektiw bolmadyk maglumatyna öz tarapymyzdan Kompaniýanyň türkmen tarapyna bolan bergisini üzmek bilen bagly meselede hemmäni ýalňyş pikire ugrukdyrmak synanyşygy hökmünde garaýarys. Hususan hem, «Türkmengaz» Döwlet konserni tarapyndan üpjün edilýän gazyň hili we möçberi bilen bagly şertnamanyň düzgün...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Soňky günlerde Eýranyň we beýleki döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde gaz pudagyndaky türkmen-eýran gatnaşyklaryna degişli dürli maglumatlar beýan edilýär. Olaryň käbirinde 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Eýranyň türkmen gazy bilen üpjün edilmeginiň «duýdansyz we ikitaraplaýyn ylalaşyga gabat gelmän» bes edilmegi barada gürrüň edilýär. Beýleki neşirlerde bolsa, tersine «Eýran Türkmenistan bilen türkmen gazynyň akdyrylmagy barada 5 ýyllyk ylalaşyga gol çekdi»-diýlip, bellenilýär...