Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda çykyş etdi

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň umumy mejlisinde çykyş etdi.

Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi gazanmakda halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategiki köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigi nygtaldy.

Parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly ösüş, howanyň üýtgemegi we ynsanperwer meseleler BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň çäginde Türkmenistanyň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezilýär.

***

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň çykyşy:

 

Siziň Alyhezretiňiz,

Hanym Başlyk,

Hormatly hanymlar we jenaplar,

 

Ilki bilen, sizi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň başlanmagy bilen gutlaýaryn.

Jenap Filemon Ýany Baş Assambleýanyň Başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlaýaryn we oňa uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Şeýle hem 78-nji sessiýanyň dowamynda Baş Assambleýanyň işine netijeli ýolbaşçylygy üçin Ilçi Dennis Frensise minnetdarlygymy bildiresim gelýär.

Hanymlar we jenaplar,

Türkmenistanyň häzirki zamanyň esasy, derwaýys wehimlerini we meselelerini çözmek babatynda çemeleşmeleriniň esasynda BMG bilen strategiki hyzmatdaşlyk, oňa agza döwletler bilen özara gatnaşyklar ýatyr.

Türkmenistan üçin bu işde möhüm şert we kesgitleýji görkeziji bolup BMG-niň Tertipnamasyna, halkara hukugynyň kadalaryna, şeýle-de deňhukuklyga, özygtyýarlyga we birek-birege hormat goýmaga esaslanýan we synagdan geçen özara gatnaşyklaryň nusgasyna ygrarlylyk çykyş edýär.

Şu nukdaýnazardan Türkmenistan agza döwletleriň köpçülikleýin mandatyny we bähbitleriniň deňagramlylygyny ugrukduryjy hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy wezipesini goldaýar.

Bu garaýyş şu ýylyň tomusynda BMG-niň Baş Sekretarynyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri bilen geçirilen duşuşyklarynda tassyklandy.

79-njy sessiýanyň çäklerinde Türkmenistan aşakdaky ileri tutulýan ugurlara ygararly bolmak babatynda karara geldi, ýagny:

- parahatçylyk we howpsuzlyk;

- durnukly ösüş;

- howanyň üýtgemegi;

- ynsanperwer meseleler.

Bu ugurlaryň ählisi ýakyndan özara baglanyşyklydyr. Bu bolsa olaryň durmuşa geçirilmeginiň ulgamlaýyn häsiýetde bolup, umumy ýörelgelere we çemeleşmelere esaslanmalydygyny aňladýar.

Şu nukdaýnazardan Türkmenistan halkara gün tertibiniň ähli esasy meselelerine BMG tarapyndan deň derejede üns berilmegini üpjün etjek, deňhukukly, adalatly we sazlaşykly çemeleşmek ugrunda çykyş edýär.

Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meselelerinde Türkmenistanyň şu mejlisdäki tagallalary parahatçylygy we ynanşmagy berkitmäge, öňüni alyş diplomatiýasynyň mehanizmleriniň ornuny ýokarlandyrmaga we «Parahatçylygyň täze gün tertibine» laýyklykda parahatçylyk döredijilik amallaryny ösdürmäge gönükdiriler.

Ählumumy howpsuzlyk meselelerinde Türkmenistan bar bolan we bolup biljek jedelleri hem-de gapma-garşylyklary çözmek we öňüni almak üçin halkara jemgyýetçiligini amaly serişdeler bilen üpjün etmäge ukyply bolan BMG-niň çäginde bitaraplyk nusgasyny öňe sürmäge aýratyn ähmiýet berýär.

Geljek ýylda biz BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara derejesinde ykrar edilmegi hakynda Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyny belläris.

Geçen döwrüň içinde biziň Bitaraplygymyz Birleşen Milletler Guramasynyň belent gymmatlyklaryna, binýatlyk ýörelgelerine we maksatlaryna laýyk gelýändigini görkezdi.

2015-nji ýylda Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi bitaraplygyň bütin dünýä jemgyýetçiliginiň gazananyna öwrülendigini görkezdi.

79-njy sessiýanyň dowamynda biziň ýurdumyz bitaraplygyň syýasy we hukuk esaslaryny mundan beýläk-de goldanmagyna we olaryň BMG-niň köpugurly işinde ulanylmagyna ýardam berer.

Öňüni alyş diplomatiýasy bu ýerde möhüm orny eýeleýär.

Dünýä syýasaty üçin bitaraplygyň ähmiýeti we häzirki zaman strategiki şertlerinde onuň mümkinçilikleri barada oýlanmagyň wagtynyň gelendigine ynanýarys.

Şunuň bilen baglylykda Türkmenistan bitarap döwletlere Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk döredijilik tagallalarynda BMG bilen ileri tutulýan hyzmatdaşlyk hukuk ýagdaýynyň berilmegi başlangyjy bilen çykyş edýär.

BMG-niň howpsuzlyk ulgamyndaky gün tertibiniň esasy ugurlarynyň biri Baş Assambleýanyň «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bolup durýar.

Şübhesiz, bu Kararnamanyň kabul edilmegi başlangyjy bilen çykyş eden döwlet hökmünde Türkmenistan indiki ýyl degişli çäreleri geçirmekde öňdebaryjy orny eýelär.

Şol bir wagtyň özünde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» dünýä jemgyýetçiliginiň hoşniýetliliginiň, parahatçylyga we ylalaşyklyga bolan ymtylşynyň, jedelleri, gapma-garşylyklary ýeňip geçmegiň, araçäklendiriji zolaklary kabul etmezligiň beýanyna öwrülmegi üçin ähli agza ýurtlaryň, BMG-niň Sekretariatynyň, onuň ýolbaşçylygynyň goldawyna garaşýarys.

Sebit derejesinde howpsuzlygy üpjün etmegiň iň möhüm şertleriniň biri owgan ugry boýunça hyzmatdaşlyk etmek, ynsanperwer meseleleri çözmek, durmuş, ykdysady pudagy dikeltmek boýunça parahatçylyksöýüjilikli milli işe başlamak babatynda Owganystanyň halkyna goldaw bermek bolup durýar.

Şu nukdaýnazardan halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýurdumyz tarapyndan durmuşa geçirilýän Owganystandaky iri infrastruktura taslamalaryna ünsi çekmek isleýärin.

Olaryň arasynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan –Hindistan strategiki gaz geçirijisiniň gurluşygyny hem görkezmek bolar. Ýaňy iki hepde öň Owganystanyň çäginde gaz geçirijiniň gurluşygynyň täze tapgyryna başladyk.

Beýleki möhüm taslamalaryň hatarynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisini we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle hem Türkmenistandan owgan ugry boýunça täze demirýolunyň gurluşygyny agzamak bolar.

Durmuş desgalaryň tölegsiz gurulmagy we owgan talyplarynyň ýurdumyzyň bilim edaralarynda okadylmagy ýaly Türkmenistanyň owgan halkyna berýän ynsanperwer kömegi dowam etdiriler. Şeýlelik bilen, Türkmenistan iş ýüzünde Owganystanyň halky bilen raýdaşlygyny tassyklaýar.

Ählumumy howa gün tertibini çözmekde Türkmenistan Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berer.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Aral deňzini halas etmek boýunça durmuşa geçirilýän tagallalara BMG-niň işjeň we ulgamlaýyn gatnaşmagy dogrusynda çykyş edýär.

Türkmenistan BMG bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň iki sany Kararnamalarynyň kabul edilmegi başlangyjyny öňe sürdi. Şeýle hem 2023-nji ýylda Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş komiteti (ESCAP) «BMG-niň Aral deňziniň howdany boýunça Ýörite Maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly degişli Kararnamasyny kabul etdi.

Merkezi Aziýanyň has giň netijelere we täsire eýe bolan beýleki aýratyn meseleleriniň hatarynda çölleşmegi we suw serişdeleriniň azalmagyny belleýäris. Bularyň ählisi BMG bilen has işjeň hyzmatdaşlygy we sebitde hemişelik esasda Guramanyň edaralarynyň ýerleşdirilmegini talap edýär.

Türkmenistan bu ugurda işlemäge taýýardyr.

BMG bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyz möhüm ädim hökmünde ýöriteleşdirilen düzümi – Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmegiň ugrunda işleýär.

Hazar meselesi hem sebit çäkleriniň daşyna çykdy. Şunuň bilen baglanyşykly täsin tebigy toplum hökmünde Hazar deňzini gorap saklamagyň diňe bir kenarýaka döwletleriň içerki wezipesi däl-de, eýsem ählumumy derejedäki mesele we wehim bolup durýandygyny aýratyn belleýäris. Olaryň çözgüdine bolan çemeleşmeler degişli derejede bolmalydyr.

Şol sebäpli Türkmenistan BMGÖM we UNEP ýaly BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralaryny, maliýe institutlaryny, ilkibaşda Ählumumy ekologiýa gaznasy bolmak bilen ekologiýa gaznalaryny we beýleki düzümleri suw howdanynyň suw derejesiniň azalmagy, onuň ekologiki balansynyň bozulmagy, bioköpdürliligiň azalmagy we Hazar deňiziniň beýleki ekologiki meselelerini çözmekde kenaraýaka döwletleri bilen ulgamlaýyn we anyk maksada gönükdirilen hyzmatdaşlyga çagyrýar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň soňky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Hazar ekologiýa başlangyjyny döretmek barada teklibini öňe sürdi. Biz bu mesele boýunça işjeň dialogy başlamaga taýýarlygymyzy beýan edip, Baş Assambleýanyň doly goldawyna garaşýarys.

Durnukly ösüş bilen baglanyşykly meselelerde Türkmenistanyň birnäçe anyk başlangyçlaryny öňe sürmegi teklip edýäris.

Hususan-da, Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy çarçuwaly maksatnamany işläp düzmek barada gürrüň edilýär.

Başlangyçlaryň hatarynda Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny we Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek hem bardyr.

BMG bilen hyzmatdaşlykda bu teklipler boýunça bilelikdäki işleri ýerine ýetirmek üçin algoritmleri işläp taýýarlamaga taýýardyrs.

Türkmenistan ynsanperwerlik çökgünlikleriniň netijelerini ýeňip geçmek, ilat meselelerini çözmek, eneligi we çagalygy goramak, maýyplaryň, bosgunlaryň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny goramak we başga-da birnäçe meseleler boýunça BMG bilen işlemegi dowam etdirer.

Ýurdumyzda raýatsyzlygy azaltmak we onuň öňüni almak babatda giň möçberli işleriň amala aşyrylandygyny bellemek isleýärin. Şu güne çenli bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň 32 müňden gowragyna Türkmenistanyň raýatlygy berildi. Şeýlelik bilen, biz şu ýyl 5 ýyl möhlet bilen kabul edilen raýatsyzlygy ýok etmek boýunça hereketleriň Milli meýilnamasyny ýerine ýetirdik.

Hanymlar we jenaplar,

Indiki ýyl bütin dünýä Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyny bellär.

Biz ähli pikirlerimiziň we hereketlerimiziň jogapkärçilik, öňdengörüjilik we hakykat tarapyndan ýolbaşçylyk edilmeli döwrüne ýakynlaşýarys. Geçilen ýol barada oýlanmagyň, oňa baha bermegiň, zerur ýerlerde ýalňyşlyklary we kemçilikleri düzetmegiň hem-de Guramanyň we edaralarynyň işini kämilleşdirmek ýolunda bilelikde hereket etmegiň wagty geldi.

BMG-niň ýörelgelerine we maksatlaryna ygrarlylyk üýtgewsiz galmalydyr. Sebäbi olar ýaşaýyş ukyplylygyny we adamzadyň esasy, uzak möhletli bähbitlerine laýyk gelýändigini subut etdiler. Häzirki döwürde bu jedelsiz hakykatyň töwereginde ähli jogapkär güýçleriň birleşmegi zerur bolup durýar.

Türkmenistan BMG-na we onuň ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerine ynanýar. Biziň ýurdumyz üçin Birleşen Milletler Guramasy ählumumy kanunylyk häsiýetine eýe bolan ýeke-täk halkara guramasy bolup durýar we şeýle bolmagynada galar.

BMG-niň sesi ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi hem-de ynsanperwer meseleleri çözmekde kesgitleýji häsiýete eýe bolmalydyr.

Türkmenistan ileri tutulýan ugurlary durmuşa geçirmek arkaly ýer şarynyň geljegi üçin ählumumy meseleleriň çözülmegine mundan beýläk-de goşant goşmagyny dowam etdirer.

Üns bereniňiz üçin sag boluň.