Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti bilen duşuşyk geçirdi

2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Rifkat Minnihanow bilen duşuşdy.

Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Liderine duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän günlerinde Türkmenistanda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşany bilen sylaglanylmagynyň özi üçin uly mertebedigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, ol Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysynyň beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde we wagyz etmekde alyp barýan işleriniň möhüm ähmiýetini belledi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen RF-niň Tatarystan Respublikasy beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamynda-da üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Döredijilik wekiliýetleriniň özara saparlary, bilelikde geçirilýän medeni çäreler bu ulgamda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Rifkat Minnihanow Türkmenistanda ylym ulgamynyň ösdürilmegine, ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Rifkat Minnihanow birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.