2024-2029-njy ýyllar üçin IAEA-nyň Ýurt boýunça çarçuwaly meýilnamasyny işläp düzmek boýunça iş toparynyň mejlisi

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2024-2029-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň Halkara Atom Energiýasy Agentligiň (IAEA) Ýurt boýunça çarçuwaly meýilnamasyny işläp düzmek boýunça iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly IAEA-nyň Tehniki hyzmatdaşlyk departamentiniň Ýewropa bölüminiň meýilnamalary dolandyrmak boýunça işgäri Emine Aliç hem gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen IAEA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary dogrusynda pikir alyşdylar. Atom energiýasynyň lukmançylyk, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini dolandyrmak ýaly ugurlarda parahatçylykly maksatlar üçin peýdalanylmagyna aýratyn üns berildi.

Lukmançylyk, hususan-da onkologiýa kesellerine garşy göreşmek ugrundaky hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, bilelikde ýerine ýetirilýän işlere gözegçilik etmek üçin Türkmenistanda durmuşa geçirilýän IAEA-nyň ImPACT maksatnamasy bellenildi.