Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlandy

photo

2025-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna geldi.

Daşkent şäheriniň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mähirli garşylady.

Howa menzilinde iki ýurduň Prezidentleriniň söhbetdeşligi boldy.

Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Özbegistana gelendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga itergi berjekdigini nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Şawkat Mirziýoýewe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedowy resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany Özbegistan Respublikasynyň resmi wekiliýetiniň, Prezident Şawkat Mirziýoýew bolsa Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyryldy.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ýörite niýetlenen münbere geçýärler. Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary nyzama düzülen esgerleriň öňünden geçdiler hem-de Özbegistan Respublikasynyň Döwlet baýdagyna hormat-sarpa goýdular.

Soňra Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.