Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi
2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri Maksim Ryženkowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Iň ýokary derejedäki duşuşyklaryň türkmen-belarus strategik hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Iki döwletiň köptaraplaýyn formatlarda, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýeti hem bellenildi.
Ministrler şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň taýýarlyk meselelerine hem garadylar.