img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanynyň wekiliýeti Bäşinji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşdy.

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 17–18-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumyna (ADF-2026) gatnaşdy.

Ýokary derejeli çäre Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherindäki “Nest” kongres merkezinde geçirildi. 

Forumyň çäginde birnäçe tematik mejlisler geçirilip, olaryň dowamynda gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça, şol sanda durnukly ösüş, sebit howpsuzlygy we ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça pikir alyşdylar.

“Bilelikdäki ösüş: Merkezi Aziýa döwletleriniň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy nukdaýnazaryndan olaryň ählumumy orny” atly mejlisde eden çykyşynda R. Meredow sebitleýin durnuklylygy pugtalandyrmak we serhetara infrastrukturasyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi. Hususan-da, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara söwda geçelgelerini ösdürmek we Ýewraziýa hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler bellenildi.

Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa üçin durnuklylyk we howpsuzlyk sebit ösüşiniň we abadançylygynyň esasy şertleridir. Soňky ýyllarda sebit döwletleri bu maksatlara ýetmek ugrunda yzygiderli tagalla edýärler.

Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen täze syýasy hyzmatdaşlyk görnüşiniň — Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Maslahat duşuşyklarynyň, soňra Azerbaýjanyň goşulmagy bilen, dünýä syýasatyndaky üýtgeýän ýagdaýlara laýyk jogap bolandygy nygtaldy.

Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasynyň energetika ugrunyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Bu nukdaýnazardan energiýa serişdeleriniň iberiliş ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, şol sanda TAPI gaz geçirijisini durmuşa geçirmek hem-de elektrik energiýasynyň eksportyny giňeltmek boýunça işler agzalyp geçildi.

Şol bir wagtda Türkmenistanyň eýerýän diwersifikasiýa ýörelgesiniň energiýa hyzmatdaşlygynyň ähli gatnaşyjylarynyň — öndüriji ýurtlaryň, tranzit döwletleriň we sarp edijileriň bähbitleriniň deňagramlylykda göz öňünde tutulmagyna esaslanýandygy nygtaldy.

Energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çägindäki başlangyçlaryna aýratyn üns berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy energiýa durnuklylygyna bagyşlanan üç sany Kararnamany kabul etdi. Milli derejede Türkmenistan olaryň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär, şol sanda eýýäm işleýän Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisi arkaly, şeýle hem goňşy tranzit ýurtlaryna öz energiýa serişdelerini halkara bazarlara çykarmaga mümkinçilik döredýär.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ulag-logistika ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny hem nygtady. Merkezi Aziýanyň Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlarynda möhüm ulag merkezi bolup durýandygy bellenildi.

Aziýany we Ýewropany birleşdirýän ulag geçelgesiniň netijeli işlemegini üpjün etmek üçin sebit ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi.