img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

«Türkmenistan – ABŞ» Işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory bilen geçirilen duşuşyk barada

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «Türkmenistan – ABŞ» Işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşyk geçirdi. Erik Stýuart amerikan kompaniýalarynyň wekilçilikli toparynyň başynda iş sapary bilen Aşgabada geldi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar «Türkmenistan – ABŞ» Işewürlik geňeşiniň işini, iki ýurduň döwlet we hususy düzümleriniň wekilleriniň arasynda işewür gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmekde netijeli meýdança hökmünde alyp barýan işlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, şu gün Aşgabatda geçirilen Geňeşiň wekilleriniň tegelek stol maslahatynyň netijeliligi bellenildi. Oňa Climate Compass, John Deere, Westport Trading ýaly ABŞ-nyň on töweregi kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar. Tegelek stol maslahatynda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N. Atagulyýew ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda Geňeşiň işiniň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýändigi aýratyn nygtaldy.

Taraplar ykdysadyýetiň esasy ugurlarynda, hususan-da ulag-logistika, energetika, nebitgaz, oba hojalygy we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Şol gün «Türkmenistan – ABŞ» Işewürlik geňeşiniň wekilleri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda hem birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler.