img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň wekiliýeti Wena şäherinde geçirilýän CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar

img
img
img
img

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň direktory Güljemal Çaryýewanyň ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň 15–17-nji iýunynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.

Türkmenistanyň milli çykyşynda Türkmenistan Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine berk ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle hem Şertnamanyň gol çekmek üçin açylmagynyň 30 ýyllygy we Türkmenistanyň oňa goşulmagynyň 30 ýyllygy aýratyn bellenildi.

Çykyşda Türkmenistanyň CTBTO bilen işjeň hyzmatdaşlygy, şol sanda Halkara gözegçilik ulgamynyň PS44 «Alibek» seýsmiki stansiýasynyň işleýşi hem-de gözegçilik we barlag ulgamlary boýunça milli mümkinçilikleri pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler aýratyn nygtaldy.

Türkmenistanyň ýaňy-ýakynda CTBTO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary doktor Robert Floýdyň ýurdumyza amala aşyran saparyna aýratyn üns berildi. Saparyň çäklerinde Aşgabat şäherinde CTBTO-nyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli sebit duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk Merkezi Aziýa döwletleriniň Şertnama we onuň barlag ulgamyna bolan umumy ygrarlylygyny tassyklady.

Saparyň dowamynda milli maglumat merkezleri üçin sebit okuw maslahaty hem-de sebit ýaşlarynyň arasynda parahatçylyk, howpsuzlyk we ýadro ýaragsyzlanmagy meseleleri boýunça pikir alyşmagy ösdürmäge gönükdirilen Ýaşlar forumy geçirildi.

Türkmenistan mundan beýläk hem CTBTO bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, halkara parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, şeýle hem ählumumy barlag ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.