Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady.
Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Azerbaýjan Respublikasynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Baku Kongresler merkezinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady.
Wekiliýet Baştutanlarynyň bilelikdäki surata düşmek dabarasyndan soňra, Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammiti öz işine başlady.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, Azerbaýjana gelendikleri üçin hoşallyk bildirdi we şu günki duşuşygyň özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim boljakdygyny belledi.
Soňra sammite gatnaşýan wekiliýet ýolbaşçylaryna söz berildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow, ilki bilen, öz çykyşynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi, bildirilen myhmansöýerlik hem-de netijeli işlemäge döredilen amatly şertler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
“Biz Azerbaýjan Respublikasynyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşinde başlyklyk etmeginiň netijelerine ýokary baha berýäris. Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjanyň bu formatyň başlygy hökmünde onuň maksatlaryna hem-de wezipelerine berk ygrarly bolmak bilen, hyzmatdaşlygy we özara ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmekde yzygiderlilik görkezendigini, şol bir wagtda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge işjeň ýardam berendigini aýratyn bellemek isleýärin” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Şunuň bilen baglylykda, biz halkara durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary amala aşyrmak üçin zerur bolan halkara-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris.
Prezident Serdar Berdimuhamedow halkara hukugyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň dialogyň çäklerinde, ilkinji nobatda, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, ynanyşmagy pugtalandyrmaga we özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
“Syýasy şertler bilen birlikde, ykdysady baglanyşygy pugtalandyrmak, özara bähbitli söwdany giňeltmek we ygtybarly ulag-logistika zynjyrlaryny döretmek dünýäde howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Dünýä ykdysadyýetiniň üýtgäp durýan döwründe ulag ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, multimodal ýük daşamalaryny ösdürmek hem-de sebit hyzmatdaşlygyna bökdençlik döredýän infrastruktura we amaly päsgelçilikleri aradan aýyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Umuman, biz Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlary boýunça ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň has netijeli ulanylmagy, şeýle hem logistika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi ugrunda çykyş edýäris.
Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň çäklerinde ulag meseleleri boýunça ministrler derejesindäki dialogy ösdürmek maksadalaýyk bolardy diýip hasaplaýarys” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Şunuň bilen baglylykda, sanlylaşdyrmak ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetiniň hem barha artýandygy bellenildi.
Howanyň üýtgemegi hem-de ekologiýa howpsuzlygy häzirki döwrüň çynlakaý wehimleri bolmagynda galýar. Türkmenistan bu ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy ugrunda yzygiderli çykyş edýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň ýaşlar platformalarynyň çäklerinde akademiki alyşmalaryň giňeldilmegini we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini doly goldaýandygyny aýtdy we şunuň bilen baglylykda, parahatçylykly dialog medeniýetini gaýtadan dikeltmek işine ösüp gelýän nesli çekmegiň guraly hökmünde ýaşlar diplomatiýasyny düýpli ösdürmegiň zerurdygyny nygtady.
Çykyşynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň alyp barýan işine uly ähmiýet berýändigini tassyklady.
Prezident Ilham Aliýew döwlet Baştutanymyza çuň manyly çykyşy üçin hoşallyk bildirip, beýan eden teklipleriniň hem-de başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belledi.
Şeýle hem sammitiň dowamyndaky çykyşlarda ynanyşmak çärelerini pugtalandyrmak, howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak, Aziýada ulag-logistika strategiýalaryny utgaşdyrmak, halkara ulag geçelgelerini ösdürmek, azyk howpsuzlygyny hem-de ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek, sanly özgertmeleri çaltlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere seredilip geçildi.
Şeýlelikde, Türkmenistan Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň sammitiniň çäklerinde ulag-logistika hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ekologiýa meselelerini çözmäge, şol sanda daşky gurşawy goramaga we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany Azerbaýjan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.