img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şener Jebejiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň 31-nji maslahatynyň (COP31) ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň bu maslahata işjeň gatnaşýandygyny nygtadylar.

Diplomatlar sebit we halkara düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy.