img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirdi

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy tarapyndan Sunway uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi talyplara döwlet ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlary, ýaş nesli goldamak boýunça görülýän çäreler, şeýle hem ýaşlaryň bilim, ylym we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlar barada maglumat berdi.

Duşuşykda «Döwlet ýaşlar syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň ýaşlar boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň 2023–2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyna hem-de 2031-nji ýyla çenli döwür üçin döwlet ýaşlar syýasaty babatda Döwlet maksatnamasyna aýratyn üns berildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde ýaşlaryň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek işine gatnaşygyny giňeltmek, medeniýetara dialogy ösdürmek boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlary, şeýle-de bu ýörelgeleri ilerletmekde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, bilim we ylym ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň türkmen-malaýziýa gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky orny bellenildi. Talyplara Malaýziýanyň kanunçylygyny berjaý etmek, ýurduň milli däp-dessurlaryna we jemgyýetçilik kadalaryna hormat goýmak boýunça maslahatlar berildi.

Duşuşygyň ahyrynda talyplaryň okuw we ýaşaýyş şertleri bilen gyzyklanyldy, şeýle hem gatnaşyjylaryň sowallaryna jogap berildi.