TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY
25-26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi sapary amala aşyrdy. Ankara şäheriniň howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, beýleki resmi adamlar, dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň köp sanly wekilleri garşyladylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar bilen bolan söhbetdeşliginiň dow...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE GÜNORTA AFRIKA RESPUBLIKASY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Günorta Afrika Respublikasynyň Gazagystandaky ilçihanasynyň syýasy geňeşçisi Pis Bardolf Kennedi bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşlikde taraplar Türkmenistan bilen Günorta Afrikanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem syýasy, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklary g...
ALBUKERKEDE TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI TAMAMLANDY
2023-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Aşgabadyň doganlyk şäheri bolan ABŞ-nyň Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäginde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Albukerke şäher häkimi Timoti Keller we häkimliginiň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar bilim, işewürlik, medeniýet, taryh we beýleki ugurlarda şäherleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýeti täze maglumat tehnologiýalary we daşky gurşaw taýdan arassa b...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI GRUZIÝANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Prezident Köşgünde ilçi Döwletmyrat Seýitmämmedowyň Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwilä ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Gürrüňdeşligiň dowamynda Gruziýanyň Prezidenti S.Zurabişwili Türkmenistanyň ilçisini jogapkär wezipä bellenilmegi bilen gutlady we diplomatik işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi Gruziýanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdim...
ALBUKERKEDE TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI BAŞLADY
2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda ABŞ-nyň Albukerke doganlyk şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy. Bu dabaraly çäre türkmeniň görnükli akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300-ýyllygyna bagyşlanandyr. Wekilçilikli medeni foruma Türkmenistanyň bilim, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşýarlar. Şol gün Nýu-Meksiko uniwersitetinde Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy we Nýu-Meksiko uniwersiteti tarapyndan Albukerke şäher häkimliginiň goldawy bilen gurnalan Magtymguly Pyr...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ SAUD ARABYSTANYNA SAPARY
2023-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň çäklerinde Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri geçirildi. Saud tarapynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Walid El Hereýji ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsan...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI “MERKEZI AZIÝA – ÝEWROPA BILELEŞIGI” DUŞUŞYGYNDA ÇYKYŞ ETDI
2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Lýuksemburgda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow “Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi” atly 19-njy ministrleriň duşuşygyna gatnaşdy. Daşary işler ministri çykyşynda ÝB bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we uzak möhletleýin maksatly özara gatnaşykda ileri tutulýan ugurlary görkezdi. Birinjiden, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy goramagyň ähmiýeti nygtaldy. Şu nukdaýnazardan daşary syýasy edaranyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Be...