TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2024-nji ýyl - Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
SOŇKY HABARLAR
Aşgabat şäherinde Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça Ýaşlar maslahaty geçirildi
2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň hökümeti BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM), Azerbaýjan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçihanalary we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen bilelikde Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň jemleýji milli maslahatyny geçirdi. Maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi we seb...
Türkmenistanyň wekiliýeti Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Baş konferensiýasyna gatnaşýar
2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Baş konferensiýasynyň 68-nji mejlisiniň işine gatnaşmak maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherine sapary başlandy. Baş konferensiýanyň çäginde wekiliýetiň IAEA-nyň Baş direktorynyň orunbasary jenap Lýu Hua bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda IAEA ýaly abraýly halkara gurama...
Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmak departamentiniň direktory Maika Oşikawanyň ýolbaşçylygyndaky BSG-niň wekiliýetiniň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BSG-ä agza bolmagy bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler Türkmenistanyň BSG-ä agza bolm...
Türkmenistanyň DIM-de durmuş-ykdysady häsiýetli möhüm wakalara bagyşlanan brifing geçirildi
2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda şu ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň we sergisiniň (TIF 2024) netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýurduň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri,...
Türkmenistanyň we Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2024-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministri Fuad Huseýniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky türkmen-yrak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Iň ýokary we ýokary derejelerdäki ikitaraplaýyn s...
Özbegistanyň Türkmenistandaky Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar
2024-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Akmaljon Kuçkarow bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly meselelere garaldy. Duşuşygyň ahyrynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ikitar...
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Wengriýanyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Wengriýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Ýožef Roža bilen duşuşygy geçirildi. Ilçi türkmen tarapyna ynanç hatyny gowşurdy. Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda netijeli işlemegi arzuw etdi. Il...