TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANKT-PETERBURGYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi. Gubernator döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanda däp bolan do...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ SANKT-PETERBURGYŇ GUBERNATORY BILEN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda gubernator Gahryman Arkadagymyza Russiýanyň Prezidentiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga türkmen halkynyň Milli Lideriniň goşýan...
WÝETNAMYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Moskwa ş.) täze bellenen Ilçisi Dang Ming Hoý bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi. W.Hajiýew Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de onuň diplomatik işini durmuşa geçirmekde türkmen tarapynyň ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny belledi. Duşuşygyň barşynda diplo...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE SANKT-PETERBURGYŇ GUBERNATORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri bilen ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alşyldy. Özara hereketleriň möhüm ugry hökmünde medeni-ynsanperwer ulgamy bellenildi we onuň çäklerinde bilim, ylym we medeniýet pudaklarynda netij...
TÜRKMEN-HYTAÝ GATNAŞYKLARY BABATYNDA ÖZARA PIKIR ALYŞYLDY
2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Hytaýyň halkara ösüş we hyzmatdaşlyk Agentliginiň başlygynyň orunbasary Den Botsin bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda köp ugurlar boýunça türkmen-hytaý hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygynyň okgunly ösüşi bellenip geçildi. Taraplar halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurdaky, şol sanda, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynda...
TÜRKMENISTANYŇ NATO-NYŇ ÝANYNDAKY WEKILHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY AKKREDITIRLENDI
2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçisi Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasynyň (NATO) Baş sekretary Ýens Stoltenberge Türkmenistanyň NATO-nyň ýanyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hökmünde öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Duşuşykda Türkmenistan bilen Bileleşigiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Dowam edýän bilelikdäki işiň çäginde taraplar bilim pudagynda üstünlikli durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlyk maksatnamalaryny belledil...
TÜRKMENISTANYŇ ASEAN-NYŇ ÝANYNDAKY WEKILINIŇ DUŞUŞYKLARY
2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi, Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň Assosiasiýasynyň (ASEAN) ýanyndaky wekili M.Maşalow Assosiasiýanyň 43-nji mejlisiniň we ugurdaş ýygnaklarynyň jemleri boýunça geçirilen brifinge gatnaşdy. Şol günüň özünde onuň ASEAN-yň Baş sekretary doktor Kao Kim Hurn bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ASEAN-yň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ýollary, şeýle hem bu ugurda geljekki hyzmatdaşlygyň mü...