TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AÝLAGDAKY ARAP DÖWLETLERINIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINE AGZA DÖWLETLERIŇ HEM-DE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYŇ BAŞTUTANLARYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşdy. Ýokary derejedäki duşuşyga geňeşe agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň - Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary, şeý...
TÜRKMENISTANDA BRAZILIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI IŞE BAŞLADY
2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rubem Antonio Korrea Barbozadan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkar...
TÜRKMENISTAN DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNYNA ÝETMEKDÄKI IKINJI MEÝLETIN MILLI SYNYNY HÖDÜRLEDI
2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşýan Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Durnukly ösüş maksatlarynyna ýetmekdäki ikinji Meýletin milli syny hödürledi. Hasabatyň tanyşdyrylyşynda wekiliýet foruma gatnaşyjylara 2019-njy ýylda ilkinji Synyň hödürlenenden bäri geçen döwürde Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary, şeýle hem durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen orta we...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI FORUMA GATNAŞMAGYNYŇ ÇÄKLERINDE BIRNÄÇE DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI
2023-nji ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Ýorka amala aşyran saparynyň dowamynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Türkmen wekiliýetiniň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça ýokary wekili Rabab Fatima, BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary Li Jinhua, BMG-niň Ba...
GDA-NYŇ ÝOLÇULARYŇ HÖKÜMETARA GEŇEŞI BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Aşgabada sapar bilen gelen GDA-nyň Ýolçularyň hökümetara geňeşiniň başlygy Buri Karimow bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen GDA-nyň Ýolçularyň hökümetara geňeşiniň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, şeýle hem sebitdäki halkara ulag geçelgelerini ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistanyň ählumumy ulag dialogyna işjeň gatnaşmagy barada pik...
BRAZILIÝANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Braziliýa Federatiw Respublikasynyň ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Rubem Antonio Korrea Barbozadan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. W.Hajiýew ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de türkmen tarapynyň oňa diplomatik işini amala aşyrmakda goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny belledi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi boýunça pik...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ÇEHIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň Çehiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Wena şäheri) H.Amannazarow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde Çehiýanyň Prezidenti bilen söhbetdeşlik geçirildi. Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawel Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi hem-de iki ýurduň arasyndaky özara b...