SOŇKY HABARLAR
The heads of the Foreign Ministries of Turkmenistan and the Republic of Tunisia held a telephone conversation
On 1 April 2026, a telephone conversation took place between the Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan Rashid Meredov, and the Minister of Foreign Affairs, Migration and Tunisians Abroad of the Republic of Tunisia Mohamed Ali Nafti. During the constructive conversation, the heads of the foreign ministries discussed current issues on the bilateral agenda and confirmed their mutual interest in further strengthening political and diplomatic dialogue, as well as in expanding trade-economic,...
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Samarkantda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji parlamentara hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdylar
2026-njy ýylyň 30-31-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji parlamentara hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdylar. Parlamentara forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar häzirki döwrüň wajyp meseleleri, hususan-da, umumadamzat bähbitlerine we durnukly ösüşe gönükdirilen birnäçe strategik ugurlar boýunça giňişleýin pikir alyşdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili öz çykyşynda BMG-ä agza döwletleriň, şol sanda Merkezi Az...
Türkmenistanyň DIM-de «Türkmenistan-BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan-BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň bäşinji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, BMG-niň düzüm birlikleriniň hemişelik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň çäklerinde gatnaşyjylar Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa ge...
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Diplomatlar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini belledile...
Ýokary derejedäki türkmen-gruzin gepleşikleri: hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy we täze mümkinçilikler
2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde wekiliýetiň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary N.Atagulyýew Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze bilen duşuşdy. N.Atagulyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Duşuşygyň dowamynda t...
Türkmenistanyň DIM-de türkmen-belgiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Žýulýen de Fraýponyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik dialogy, daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem türkmen-belgiýa gatnaşyklarynyň şer...
Türkmenistan bilen ÝUNISEF hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny< şol sanda bilim, durmuş goraglylygy we durnukly ösüş ugurlarynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. ÝUNICEF-iň 2026-2030-njy ýyllara niýetlenen Türkmenistan üçin ýu...