RSS

SOŇKY HABARLAR

26 Iýun

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 26-njy iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marri bilen geçiren duşuşygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähi...

DOWAMY
26 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministrini kabul etdi

2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Husseini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza öz ýurdunyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň - Prezident Asif Ali Zardariniň we Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Ser...

DOWAMY
26 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

2024-nji ýylyň 26-njy iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan - BAE» işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marrini kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, BAE-de doganl...

DOWAMY
26 Iýun

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Gazagystan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Askar Tažibaýew bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly meselelere garaldy. Duşuşygyň ahyrynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ikitaraplaýy...

DOWAMY
26 Iýun

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Pakistanyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussein bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy, türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Taraplar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika, senagat, ulag we aragatnaşyk ugurlaryndaky netijeli hyzmatd...

DOWAMY
25 Iýun

Türkmenistanyň we Tunis Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň we Tunis Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, tunis tarapyna – Tunis Respublikasynyň Daşary işler, migrasiýa we daşary ýurtlarda ýaşaýan tunislileriň işleri boýunça ministriniň orunbasary Munir ben Rajiba ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-tunis gatnaşyklaryny mundan beýläk-de p...

DOWAMY
25 Iýun

BAE-nyň Ykdysadyýet ministri bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BAE-nyň Ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde ýola goýlan gatnaşyklary has hem çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, söwda dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmak, özara peýdaly ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak barada anyk teklipler beýan edildi. Taraplar nebit-gaz we himiýa senagaty, energetika, ulag,...

DOWAMY