RSS

SOŇKY HABARLAR

12 Okt

Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy hakynda

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow çakylygy kabul edip, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşýandygy üçin goňşy ýurduň döwlet Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi hem-de ony Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen ýene-de bir gezek mähir...

DOWAMY
12 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma işjeň gatnaşandygy üçin Pakistanyň Prezidentine m...

DOWAMY
12 Okt

Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Prezidentleriniň duşuşygy geçirildi

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Prezidenti öz ermeni kärdeşine çakylygy kabul edip, Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ýubileýi mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.  Ermenistanyň Prezidenti halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, şeýle möhüm çäräniň iki ýurd...

DOWAMY
11 Okt

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Mongoliýanyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi

2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana döwlet sapary bilen gelen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belent mertebeli myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň Baştutanynyň Türkmenistana amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan hal...

DOWAMY
11 Okt

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygynyň arasynda duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş bilen duşuşdy. Türkiýäniň parlamentiniň Ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Prezident Serdar Berdim...

DOWAMY
11 Okt

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen geçirilen duşuşyk hakynda

2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Tatarystan Respublikasynyň Baştutany mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, doganlyk Türkmenistana ýene-de gelmäge dörän mümkinçilige örän şatdygyny belledi. Bellenilişi ýaly, Tatarystan Respublikasynda türkmen halk...

DOWAMY
11 Okt

Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti bilen duşuşyk geçirdi

2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Rifkat Minnihanow bilen duşuşdy. Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Liderine duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän günlerinde Türkmenistan...

DOWAMY