RSS

SOŇKY HABARLAR

27 Apr

Ankarada Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi

2024-nji ýylyň 25-26-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmelere gatnaşmak maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ankara şäherine iş sapary amala aşyryldy. Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň birinji tapgyrynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkiýäniň DIM-niň binas...

DOWAMY
26 Apr

Türkmenistanyň BSG-na agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň degişli ministrliklerinden we pudak edaralaryndan Hökümet toparynyň agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň çäklerinde gatnaşyjylar Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň 2...

DOWAMY
25 Apr

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY, UNESCAP-Ň ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY

2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Taýland Patyşalygynyň, Bangkok şäherinde geçirilýän BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň (UNESCAP) 80-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakowyň ýolbaçylygyndaky wekiliýet BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň (UNESCAP) Ýerine ýetiriji sekretary hanym Armida Salsiah Alisjahbana duşuşdy. Duşu...

DOWAMY
25 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi

2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemerony kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-niň hem-de Premýer-ministri Rişi Sunagyň salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Dewid Kemerony my...

DOWAMY
25 Apr

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşdy. Myhman Milli Liderimize duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, GFR-iň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň, Federal Kansleri Olaf Şolsuň salamyny we türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri h...

DOWAMY
25 Apr

UNESCAP-YŇ 80-NJI MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ “BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ ARAL DEŇZINIŇ HOWDANY BOÝUNÇA ÝÖRITE MAKSATNAMASYNYŇ DÖREDILEMGINIŇ ŞERTLERINE GARAMAK” ATLY KARANAMASY BOÝUNÇA UGURDAŞ ÇÄRESI GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Taýland Patyşalygynyň, Bangkok şäherinde geçirilýän BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň (UNESCAP) 80-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň “Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň howdany boýunça Ýörite Maksatnamasynyň döredilemginiň şertlerine garamak” atly Karanamasy boýunça ugurdaş çäresi geçirildi. Agzalan çärä BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş K...

DOWAMY
24 Apr

German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy müdiri bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy müdiri Mihael Harmsyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada durup geçip, söhbetdeşler üstünlikli ösdürilýän söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn gepleşikleriň ýokary derejesini alamatlandyrýandygyny kanagatlanma bilen nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Bilelikdäki türkme...

DOWAMY