RSS

SOŇKY HABARLAR

9 Okt

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2024-nji ýylyň 8-nji oktaýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri we dostlukly ýurduň Baştutany mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň bilen Türkiýäniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, söhb...

DOWAMY
4 Okt

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI MALAÝZIÝANYŇ IÇERI IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M. Maşalow bilen Malaýziýanyň Içeri işler Ministri Datuk Seri Saifuddin Nasution Bin Ismailiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyň barşynda, Ilçi hem-de Malaýziýanyň Içeri işler ministri uly mümkinçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Duşuşygyň dowamynda, Ilçi Malaýziýanyň Türkmenistan üçin ýakyn dost-doganlyk döwlet bolup durýandygyny, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uzak möhletleýin,...

DOWAMY
4 Okt

Ýewropa Komissiýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýewropa daşary gatnaşyklar gullugynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça bölüminiň başlygy Ditmar Krissleriň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem «Merkezi Azi...

DOWAMY
4 Okt

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly türkmen-argentin syýasy geňeşmeleri geçirildi

2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde Türkmenistan bilen Argentina Respublikasynyň arasyndaky üçünji syýasy geňeşmeleri geçirildi. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha berdiler we söwda, ykdysadyýet, bilim, medeniýet we syýahatçylyk ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar Birleşen Milletler Gu...

DOWAMY
4 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti ÝB-niň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissaryny kabul etdi

2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýutta Urpilaýneni kabul etdi. ÝB-niň komissary wagt tapyp kabul edendigi we ýola goýlan netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly goşant...

DOWAMY
3 Okt

Türkmenistanyň we Polşanyň DIM-leriniň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde geňeşmeler geçirildi

2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Polşa Respublikasynyň DIM-leriniň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň DIM-iň Ýewropa ýurtlary bölüminiň we Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy bölüminiň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler. Polşanyň wekiliýetine Polşa Respublikasynyň DIM-iň Gündogar departamentiniň direktorynyň orunbasary Marek Salka ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik...

DOWAMY
3 Okt

Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça komissary bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça komissary Ýutta Urpilaýneniň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki başlangyçlaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine garaldy. Hazarüsti ulag geçelgesiniň Utgaşdyryjy platformasynyň (TMTM) işe goýberil...

DOWAMY