RSS

SOŇKY HABARLAR

15 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidentini kabul etdi

2024-nji ýylyň 14-nji martynda  Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumany kabul etdi. Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti milli maliýe we bank ulgamyny we dürli pudaklarda giňişleýin meýilnamalary gowulandyrmak maksady bilen ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatlaýyn çäreleriň ykdysady durnuklylygyny üpjün etmegiň we ösüşiň ýokary depginlerini saklamaga mümkinçilik berýändigini belledi. Hormatly Prezi...

DOWAMY
14 Mar

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň sport ministry bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň sport ministri Wladimir Leonowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda sport ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bilelikde iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmek hem-de olara gatnaşmak boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

DOWAMY
14 Mar

Germaniýanyň Ilçisi özüniň diplomatik işini tamamlaýar

2024-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow özüniň diplomatik işini tamamlaýan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mihael Bierhof bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri we olaryň mundan beýläkki ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň 28-29-njy sentýabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslaha...

DOWAMY
14 Mar

Panama Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2024-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Panama Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Rolando Enrike Barrow Noadyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine seljerme berildi. Diplomatlar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösme...

DOWAMY
14 Mar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşiklerde Türkmenistanyň maýa goýum özüne çekijiligini gowulandyrmak maksady bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, halkara hyzmatdaşlygy we ÝTÖB bilen bilelikde öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly täze taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselesi ara alnyp masl...

DOWAMY
13 Mar

Türkmenistanyň DIM-de Ispaniýanyň Ilçisi bilen duşuşyk barada

Ispaniýanyň işewür toparlarynyň wekiliýetiniň biziň ýurdumyza iş saparynyň çäginde 2024-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ispaniýanyň Türkmenistanda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (Moskwa ş. oturýan ýeri) Markos Gomes Martineziň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda diplomatlar ikitaraplaýyn gün tertibindäki häzirki meseleleri, hukuk binýady giňeltmek, şeýle hem ýokary derejeli aragatnaşyklary we medeni we ynsanperwer hä...

DOWAMY
13 Mar

Türkmenistan we Awstriýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmegi maksat edinýärler

2024-nji ýylyň 11-12-nji martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Awstriýa iş sapary amala aşyryldy. Saparyň çäklerinde Federal Prezidentiň ofisiniň, Ýewropa we daşary işler ministrliginiň, Zähmet we ykdysadyýet ministrliginiň, Awstriýanyň Federal ykdysady palatasynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda  syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanp...

DOWAMY