RSS

SOŇKY HABARLAR

26 Ýan

BAE-niň «WAM» habarlar agentligi bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda ilkinji gezek sapar bilen bolýan «WAM» habarlar agentliginiň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa we «WAM» habarlar agentliginiň Baş direktory Mohammed Jalal al Raisi ikitaraplaýyn türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň, ilkinji nobatda, maglumat meseleleri boýunça  hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlediler. «WAM» habarlar agentli...

DOWAMY
26 Ýan

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Horasan-Rezawi welaýatynyň gubernatory bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Rezawi welaýatynyň gubernatory Ýakub Ali Nazari bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Eýran bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara ynama eýe bolan häsiýetini belläp, onuň yzygiderli we depginli ösdürilmegine ýokary derejedäki gepleşikleriň täsi...

DOWAMY
24 Ýan

Türkmenistanyň Ilçisi Malaýziýanyň aragatnaşyk we multimediýa Komissiýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow bilen Malaýziýanyň Aragatnaşyk we multimediýa komissiýasynyň Başlygy Tan Sri Mohamad Salim Bin Fateh Diniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar köpçülikleýin habar beriş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça pikir alyşdylar. Duşuşykda Ilçi ýurdumyzda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän ýokary derejeli çäreleriň ähm...

DOWAMY
24 Ýan

Türkmenistanyň Ilçisiniň Malaýziýanyň Parlamentiniň wekiller Palatasynyň Başlygy bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow bilen Malaýziýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Tan Sri Dato Johari Abdulyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlyk ornuny berkitmekde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Malaýziýanyň Parlamentiniň arasynda döredilen parlamentara dostluk toparynyň işiniň ýola goýulmagynyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýandygy barada nygtap geçdiler. Şeýle-de, Malaýziýanyň P...

DOWAMY
24 Ýan

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ulag-kommunikasiýa edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklary

2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň sanly ulgam işleri boýunça ministri Taro Kono bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda sanly ulgamyň infrastrukturasyny, sanly ykdysadyýeti, maglumat howpsuzlygy, emeli aň, internet, hünärmenleriň taýýarlygy we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Taraplar sanly tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy giňe...

DOWAMY
24 Ýan

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Parlamentiniň deputatlary bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Toşiaki Endonyň ýolbaşçylygyndaky ýapon deputatlary bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlyga möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar. Bu ugurda Türkmen-Ýapon parlamentara dostluk toparynyň işiniň wajypdyg...

DOWAMY
23 Ýan

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen duşuşyk barada

2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýoko Kamikawa bilen duşuşdy. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde ýokary derejedäki gatnaşyklara uly orun degişlidigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dowamynda iki döwletiň Baştutanlarynyň duşuşygynyň gurnalmagynyň maksadalaýyk boljaklygy bellenildi. Şeýle-de, duşuşykda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Dialogyna gatnaşyjy döwletleriň ilkinji...

DOWAMY