SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasy bitaraplyk syýasatynyň netijeli häsiýetini belleýärler
2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministrliginiň Döwlet sekretary Jozef Şellhornyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumyny, hususan-da syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar iki ýurduň daşary syýasatynyň esasyny düzýän bit...
Türkmenistan bilen UNIDO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy
2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Senagat ösüşi guramasynyň (UNIDO) Baş direktorynyň orunbasary Fatu Haýdaranyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ozal gazanylan ylalaşyklara laýyklykda Türkmenistan bilen UNIDO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi boýunça pikir alyşdylar. Senagatlaşma we akylly şäher ösüşi pudagyndaky “ýaşyl çemeleşme” babatynda taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Duş...
DÇBÖBD-niň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara gününe bagyşlanan brifing geçirildi
2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara gününe bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, deňze çykalgasy bolmadyk iň az ösen ýurtlar, ösüp barýan ýurtlar we ösüp barýan kiçi ada döwletleri boýunça Ýoka...
LLDC 3-iň çäginde Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Walid bin Abdulkarim Al-Hureýjiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadeg Malwajerd bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna garadylar....
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyşy we birinji plenar mejlisi geçirildi. Foruma döwlet we Hökümet Baştutanlary, 100-den gowrak ýurduň, 50-ä golaý halkara guramanyň ýokary wezipeli wekilleri, 20-den gowrak dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýarlar. Bu ähmiýetli wakany giňden şöhlelendirmek üçin Awaza dünýäniň 4...
Doganlyk ýurtlaryň we halklaryň bähbidine sebit hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary kesgitlenildi
2025-nji ýylyň 5-nji “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gabatlanan çäre geçirildi. Foruma Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Gyrgyz Resp...