RSS

SOŇKY HABARLAR

22 Noý

Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň kiçi komitetiniň mejlisi geçirildi

2023-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Pekinde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisi geçirildi. Mejlis kiçi komitetiň başlyklarynyň - Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ma Çžaosýuýyň ýolbaşçylygynda geçirildi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklara birek-birege ynanyş...

DOWAMY
22 Noý

Türkmenistan bilen Hytaýyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2023-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Pekinde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Geňeşmelerde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi, hytaý tarapyna Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ma Çžaosýu wekilçilik etdi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-hytaý strategiki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna ünsi çekdiler. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň...

DOWAMY
21 Noý

Aşgabatda howanyň üýtgemegi boýunça meseleleri çözmekde ýaşlaryň orny barada sebit maslahaty geçirildi

2023-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersisetinde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen hyzmatdaşlykda “Howanyň üýtgemegi boýunça meseleleri çözmekde ýaşlaryň orny” atly Sebit maslahaty guraldy. Gibrid formatynda geçen forumyň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, degişli ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistany...

DOWAMY
21 Noý

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport baradaky Hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanyldy

2023-nji ýylyň 16-njy noýabrynda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisinde Türkmenistan 2023-2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport baradaky Hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy.   Bu Komitet sportuň ähmiýetini we ornuny giňeltmek hem-de ony döwlet syýasatynyň düzümine girizmek maksady bilen 1978-nji ýylda döredildi. Türkmenistan 2017-2021-nji ýyllar aralygynda hem ÝUNESKO-nyň bu düzüminiň agzalygyna saýlanyldy.

DOWAMY
21 Noý

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pekinde Ykdysady hyzmatdaşlyk taslamalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türkmen-hytaý iş toparynyň üçünji mejlisine gatnaşdy.  Mejlisiň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki gün tertibi boýunça pikir alyşmalar geçirildi, şunda hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyk häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň köp ugurlar boýunça okgunly we yzygider...

DOWAMY
21 Noý

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň telefon gepleşigi barada

2023-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

DOWAMY
20 Noý

Türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirdi we onuň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministr ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlamak bilen, türkmen tarapynyň öňa döwletara gatnaşyklaryny has-da berkitmek ugrunda diplomatik işini ýerine ýetirmekde hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi. Duşuşygyň dowamyn...

DOWAMY