SOŇKY HABARLAR
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ESERLERI MALAÝ DILINE TERJIME EDILÝÄR
Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasynda, türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça, Ilçi M.Maşalow bilen Malaýziýanyň Terjime we kitaplar institutynyň (ITBM) Ýerine ýetiriji direktory Sakri Abdullahyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Malaýziýanyň Terjime we kitaplar institutynyň Neşirýat departamentiniň başlygy Haýrulnizam Mohamad Yunis, şol departamentiň hünärmeni Ýurina Pieei, Awtorlyk hukugy bölüminiň başlygy Nur Hanani Laidin we Ilçihananyň 2-nji sekretary Y.Sähedow dagylar gatnaşdy....
Merkezi Aziýa bilen ASEAN ýurtlaryny baglanyşdyryjy Logistika merkezleriniň işleri barada halkara maslahat
Malaýziýanyň halkara söwda we senagat palatasy (Malaysian International Chamber of Commerce and Industry) bilen Malaýziýanyň kiçi telekeçilik konsorsiumynyň (Malaysian Consortium of Mid-Tier Companies) bilelikde guramagynda, ASEAN ýurtlarynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň üsti bilen, olaryň araçäkleriniň amatly ýol-ulag ugurlaryny öwrenip, gelejekde ony ösdürmek boýunça halkara maslahaty gurnalyp geçirildi. Seminara Merkezi Aziýa döwletleriniň Ilçileri hem-de agzalan edaralaryň ýolbaşçylary, husus...
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Iki ýurduň wekiliýetlerine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Nökerguly Atagulyýew hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary Marat Husnullin ýolbaşçylyk etdiler. Mejlisiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyg...
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Russiýada Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belledi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýe...
Türkmenistanyň ýaşlary durnukly ösüş üçin ekologiýa meseleleriniň üstünde işjeň işleýärler
2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 120-den gowrak öňdebaryjy ýaşlary, Durnukly ösüş maksatlarynyň Ýaş Ilçilerini, ekologiýa ugrundaky işjeň raýatlary, döwlet edaralarynyň, BMG-niň düzümleriniň wekillerini we bilermenlerini birleşdiren Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty geçirildi. Türkmenistandaky LCOY 2025 maslahaty BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň ýanyndaky çagalar we ýaşlar boýun...
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Täjigistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan “Kasri Millat” köşgünde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady. Sammite gatnaşýan wekiliýet Baştutanlaryny...
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäheriniň Kabul edişlikler köşgünde geçirilen “Merkezi Aziýa — Russiýa” ikinji sammitine gatnaşdy. Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen sammite Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri hem gatnaşdylar. Sammitden öň “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitine gatnaşyjylaryň bilelikdäki resmi surata düş...