img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Okt

TÜRKMENISTAN WE BÜTINDÜNÝÄ GÜMRUK GURAMASY HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEK BOÝUNÇA MESELELERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Brýussele bolan iş saparynyň çäginde Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Baş Sekretary j-p Kuniýo Mukuriýa bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ähmiýetli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, türkmen tarapy serhetde gümrük gözegçiligini kämilleşdirmekde BGG-ň tejribesini öwrenmek we özleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma...

DOWAMY
pic
12 Okt

TÜRKMENISTANYŇ TEBIGATY GORAMAK JEMGYÝETINIŇ DÖREDILMEGINIŇ 50 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN HALKARA YLMY MASLAHATY

2018-nji ýylyň 11-12-nji oktýabrynda Aşhabatda «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň (TTGJ) döredilmeginiň 50 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahaty geçirildi. Maslahatyň esasy maksady TTGJ-niň döredilmeginiň elli ýylynyň dowamynda gazananlary barada jemgyýetçilige habar bermekden, esasy ekologiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşamakdan we jemgyýetçilik we halkara tebigaty goraýyş guramalary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmekden ybarat...

DOWAMY
pic
10 Okt

Intellektual eýeçilik ulgamynda halkara okuw maslahaty

9-njy oktýabrda “Arçabil” myhmanhanasynda “Uniwersitetlerde we ylmy-barlag institutlarynda intellektual eýeçilik syýasaty” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Maslahat Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy (BIEG) tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet intellektual eýeçilik gullugy bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Foruma Ylymlar akademiýasynyň, Tehnologiýalar merkeziniň, Himiýa ylmy-barlag institutynyň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň...

DOWAMY
pic
10 Okt

Aşgabatda aragatnaşyk we maglumatlar babatda bilermenleriň mejlisi geçirilýär

9-njy oktýabrda paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynda Aragatnaşyk boýunça Sebit Arkalaşygynyň (ASA) administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 53-nji bilelikdäki mejlisi hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň ASA-nyň ýanyndaky maglumat boýunça utgaşdyryjy geňeşiniň 24-nji mejlisi öz işine başlady. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekilçilik etmeginde ASA-nyň — elektrik we poçta aragatnaşyk ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny amala aşyrýan guramanyň doly...

DOWAMY
pic
9 Okt

Daşary işler ministrliginde ýaş diplomatlar üçin okuw maslahaty geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň ýaş diplomatlary üçin okuw maslahaty geçirildi. Onda esasy lektor hökmünde Awstriýa Respublikasynyň Wena Diplomatiýa akademiýasynyň professory Markus Kornprobst çykyş etdi.  Okuw maslahatynyň başynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory hem-de Awstriýanyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gerhard Saýller gutlag sözi bilen çykyş etdiler. Maslahat okuw we tejribe sapa...

DOWAMY
pic
8 Okt

Täze döwrebap obalar hem-de kärhanalar bilen ýurdumyzyň geljegi kemala gelýär

Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäklerinde täze döwrebap obalaryň hem-de Bäherden etrabynda çeper halyçylyk kärhanasynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Şeýle taslamalaryň amala aşyrylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli alnyp barylýan hem-de “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz aýdyň beýanyny tapan durmuş ugurly syýasatyň rowaçlanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Döwlet Baştutany...

DOWAMY
pic
7 Okt

Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşini ykrar etdi

2018-nji ýylyň 1 — 5-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda hanym Natalýa Tamirisanyň ýolbaşçylygyndaky Halkara pul gaznasynyň (HPG) işçi topary saparda boldy. Saparyň maksady ýurdumyzda makroykdysady we maliýe ýagdaýyna baha bermek, Türkmenistanyň ykdysady syýasat ulgamynda alyp barýan ileri tutýan ugurlaryny hem-de bu ugurdaky meýilleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Nobatdaky saparyň çäklerinde iri maliýe düzüminiň wekilleri döwlet dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçy işgärleri, işewürler...

DOWAMY