SOŇKY HABARLAR
Türkmen gimnastikaçysy «Aziýanyň ýaňy» festiwalynyň baýragyna mynasyp boldy
Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde 4 — 8-nji iýulda geçirilen “Aziýanyň ýaňy” atly sirk sungatynyň XI halkara festiwalynda Türkmenistanyň wekili kümüş baýraga mynasyp boldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge ägirt uly üns berýändigi netijesinde täze ösüşe eýe bolan türkmen sirkiniň nobatdaky üstünligidir. Festiwala Merkezi Aziýanyň ýurtlaryndan hem-de Russiýadan, Fransiýadan, Kanadadan, Wengriýadan, Belarusdan, Ukrainadan, Wýetnamdan...
AŞGABAT ŞÄHERINDE ÝEWROPA BILELEŞIGI-MERKEZI AZIÝA WE OWGANYSTAN DÖWLETLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY WE HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 9-njy iýulynda Aşgabat şäherinde Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa we Owganystan döwletleriniň arasynda syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine ÝB-niň Daşary aragatnaşyklar boýunça gullugynyň Baş sekretarynyň orunbasary Žan Kristof Bellýar ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň gün tertibine terrorçylyk, radikalizm, ekstremizm ýaly halkara hem-...
Watanymyz sport ruhubelentligi hem-de döredijilik zehini bilen beýgelýär
Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 9 — 23-nji iýul aralygynda ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň dynç alşa çykýandygyny yglan etdi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga başlan döwlet Baştutanymyz şu gün säher çagynda agtygy bilen deňziň kenarynda welosipedli gezelenç etdi we dürli bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi. Şeýle hem milli Liderimiz agtygy Kerimguly bilen çeper döredi...
«Ýüpek ýoly — ýürek ýoly» teatr festiwalynyň netijeleri jemlendi
Türkmenistanyň Baş drama teatrynda «Ýüpek ýoly — ýürek ýoly» atly teatr festiwalynyň ýapylyş dabarasy boldy. Oňa Medeniýet ministrliginiň wekilleri, paýtagtymyzyň we welaýat teatrlarynyň döredijilik toparlary gatnaşdylar. Bu çäre iýun aýynyň üçünji ongünlüginde geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet hepdeliginiň özboluşly dowamyna öwrüldi hem-de ilatyň ünsüni ýurdumyzyň teatrlarynyň döredijiligine çekdi. Festiwalyň çäklerinde görkezilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary
Şu gün günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. ... Üç sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Tatarystanyň döwlet baýdaklary bilen bezelen Kazanyň Halkara howa menzilinde gondy. Uçaryň ýanyndaky haly ýodajygyň ugrunda hormat garawuly düzüldi. Milli lybasdaky gyzlar hormatly Prezidentimize duz-çörek we...
TÜRKMENISTANDA ÇAGALARYŇ HUKUKLARYNY DURMUŞA GEÇIRMEK BOÝUNÇA 2018-2022-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HEREKETLERIŇ MILLI MEÝILNAMASYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK BOÝUNÇA DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek we çagalaryň abadançylygyny üpjün etmek üçin Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyk geçirildi. Mejlisiň işine Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) wekilhanasynyň Türkmenistandaky baştutany Şahin Niloferiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti,...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE “AMUL-HAZAR 2018” HALKARA AWTORALLISINE BAGYŞLANYP BRIFING GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda (Turkmen Desert Race) “Amul-Hazar 2018” Halkara awtorallisiniň geçirilmegine görülýän taýýarlyga bagyşlanyp brifing geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Daşary işler, Içeri işler we Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri, ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komiteti we Türkmenistanyň awtomobil sporty federasiýasy bilelikde gurnadylar. Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara gura...