SOŇKY HABARLAR
MALAÝZIÝADA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI GEÇIRILÝÄR
2015-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Malaýziýanyň paýtagty Kuala Lumpur şäher häkimliginiň Dabaralar merkezinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu çäre Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20-ýyllygyna we 2015-nji ýyly “Bitaraplyk we Parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlandy. Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna Malaýziýanyň hökümetiniň, daşary ýurtlaryň akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, döredijilik toparlaryň wekilleri, bu...
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi
2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Mary welaýatynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň hem-de “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ilkinji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu desgalar başlangyç tapgyrda täze energetika geçirijisiniň serişde binýadyna öwrüler. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýakynda ýurdumyza saparlar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, P...
Türkmenistanda ýokary derejeli maslahat geçirildi
2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda “Bitaraplyk syýasaty: Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly Halkara maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dürli ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, dünýäniň ýokary syýasy derejeli wekilleri, abraýly halkara we sebit guramalarynyň baştunanlary gatnaşdylar.
Duşenbede Türkmen-Täjik syýasy geňeşmeler geçirildi
2015-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Duşenbe şäherinde Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ministrleriň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň gün tertibine türkmen-täjik döwletara gepleşikleriniň syýasy, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sungat ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da ýygjamlaşdyrmak meseleleri goşuldy. Tarapla...
TÜRKMEN-MALAÝZIÝA IŞEWÜRLER MASLAHATY
2015-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde ýerleşýän «MATRADE» sergiler we mejlisler merkeziniň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň döwlet we işewürlik toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürler maslahaty geçirildi. Işewürler maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ykdysadyýetleriniň häzirki ýagdaýyna we ileri tutulýan ösüş ugurlaryna syn berildi, şeýle hem pudaklar boýunça işewürlik duşuşyklary geçirilip, olarda özara bäh...
Türkmenistanyň Prezidenti gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşdy
2015-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Eýran Yslam Respublikasynda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tähranda geçirilen gazy eksport ediji ýurtlaryň Forumynyň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşdy. Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumy 2008-nji ýylda döredilen halkara hökümetara guramasy bolup, ol oz duzumine 12 döwlet birlesdiryar: Alžir, Boliwiýa, Wenesuela, Müsür, Eýran, Katar, Liwiýa, Nigeriýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Russiýa, Trinidad we Tobago, Ekwo...
Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary
2015-nji ýylyň 22-24-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe Türkmenistana ilkinji resmi sapary bilen geldi. Resmi saparyn dowamynda häzirki döwrüň halkara syýasatynyň esasy meseleleriniň birnäçesine umumy ýörelgeleriniň we çemeleşmeleriniň birmeňzeşdigi nygtaldy. Bu, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýada, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde we tutuş dünýäde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy berkitmek bilen bagly bolup durýar. Türkmenistan we Ýaponiýa ýadro ýaragyny ýaýratmazlygy üpjün e...