Türkmenistanyň DIM-de Ýewropa parlamentiniň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk toparynyň başlygy hanym Juzeppina Prinçiniň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa parlamentiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Ýewropa parlamenti bilen hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdiler.
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri bilen Ýewropa parlamentiniň arasynda şol gün geçilen sekizinji mejlisiň netijeli häsiýete eýe bolandygy bellendi.
Türkmenistanyň alyp barýan oňyn bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berildi, onuň sebitde we dünýä derejesinde durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek, durnukly ösüşiň bähbidine energetika we ulag mümkinçiliklerini ýüze çykarmak boýunça netijeli işlerde öz beýanyny tapýandygy nygtaldy.
Mundan başga-da, Ýewropa parlamentiniň wekiliýeti adam hukuklaryny goramak, gender deňligi we raýat jemgyýeti guramalaryna goldaw bermek ýaly ugurlardaky özgertmelere ünsi çekdi.
Şeýle hem taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan edilen üstümizdäki ýyl üçin meýilleşdirilen we geçirilýän çäreleri nazara almak bilen, ýewropa wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran häzirki saparynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Türkmen tarapy öz gezeginde Ýewropa Bileleşigi bilen köpugurly hyzmatdaşlygy hem ikitaraplaýyn, hem-de «ÝB – Merkezi Aziýa» görnüşinde ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.
Ýewropa parlamentiniň wekiliýeti Türkmenistanyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda hem duşuşyklary geçirer.