TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmen-Taýland Daşary işler ministrlikleriniň geňeşmeleri barada
2023-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň we Taýland Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň gurluş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly geňeşmeler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça häzirki meseleler we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Söhbetdeşler dürli derejedäki saparlary alyşmak, Türkmenistanyň hem-de Taýlandyň parlamentleriniň arasyndaky gatna...
Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynynyň ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky mejlisi barada
2023-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynynyň ýolbaşçy komitetiniň we Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça milli işçi toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda geçirilen çärä BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko, B...
Türkmenistanyň DIM-nde ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ýygnak geçirildi
2023-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda daşary syýasatymyzyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan ýygnagyny geçirdi. Ýygnagyň çäklerinde daşary syýasat edarasynyň düzüm birlikleriniň, daşary ýurtlardaky diplomatik wekilçilikleriniň we konsullyklarynyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi babatynda işiniň esasy ugurlar...
Türkmenistanyň DIM-de UNFPA-nyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2023-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň “Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara foruma gatnaşmaga Aşgabada gelen, BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) gender meseleleri boýunça Geňeşçisi Leýla Şarafi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ähli ugurlaryna aýal-gyzlaryň deň gatnaşmak ýörelgelerini güýçlendirmeklige gönükdirilen işjeň gender syýasatyny alyp barýandygyny nygtadylar....
Aşgabatda BMG-HABITAT bilen hyzmatdaşlyga bagyşlanan tegelek stol geçirildi
2023-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy (BMG-HABITAT) bilen hyzmatdaşlyga bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa, BMG-HABITAT-yň Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa boýunça sebitleýin geňeşçisi K.Şefer, şeýle-de Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda taraplar Türkmenistanda...
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň sebit býurosynyň direktoryny Kabul etdi
2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň dolandyryjysynyň orunbasary, Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin býurosynyň direktory hanym Iwana Žiwkowiçi kabul etdi. I.Žiwkowiç döwlet Baştutanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, şeýle-de ähli türkmen halkyna Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny, parahatçylyk, gülläp ösüş, abadançylyk, täze üstünl...
Aşgabatda Bitaraplygyň dostlary toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2023-nji 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirildi. Bu topar halkara derejede, hususan-da, BMG-niň çäklerinde yzygiderli hyzmatdaşlyga ýardam bermäge, öz syýasatyny bitaraplyk ýörelgeleri esasynda guraýan döwletleriň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini iş ýüzünde peýdalanmaga, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, olaryň sebäple...