TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Ilçihanasynda Malaýziýanyň orta telekeçilik kompaniýalarynyň konsorsiumunyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy Malaýziýanyň orta telekeçilik kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen bilelikde guramagynda agzalan konsorsiumyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Malaýziýanyň orta telekeçilik kompaniýalarynyň konsorsiumynyň Prezidenti Martin Ang, şeýle hem «Intelligent PIE Consulting Sdn Bhd», «Marrybrown», «Julie's Manufacturing Sdn. Bhd», «Mega Fortris Berhad», «i-Chem Solution Sdn Bhd» ýaly Malaýziýa kompaniýalarynyň wekilleri ga...
Türkmenistanyň we Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2025-nji ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň bilen Wenesuelanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Wenesuelanyň wekiliýetine Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Tatýana Pýu Morena ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibi boýunça netijeli pikir alyşmalar geçirildi, iki ýurduň arasyndaky syýasy-d...
Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlydyklaryny nygtap, dürli ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň wajyp meselelerine garadylar. Şol bir wagtyň özünde ministrler ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem köptaraplaýyn düzümleriň çäginde geçirilmegi meýill...
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 9-11-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Foruma Bolgariýa, Slowakiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Azerbaýjan ýaly birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet ýolbaşçylary, şeýle hem birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeler...
KHBS üçin maglumat
Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň ABŞ-a girmegine bölekleýin gadagançylygyň girizilmegi baradaky habarlaryň peýda bolmagy bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şeýle çözgüdiň türkmen tarapynda aşa düşünişmezlik hem-de alada döredýändigini mälim edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen bitarap döwlet bolmak bilen, Türkmenistan migrasiýa babatynda ähli halkara kadalary we düzgünleri berk berjaý edýär. Şu n...
«Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen geçirilen duşuşyk barada
2025-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady ulgam, ýangyç-energetika pudagy, ulag we aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ulgamy we beýlekiler ikitaraplaýyn hyzmatd...
Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen köpçülikleýin duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda ýokary döwlet derejesinde ýola goýulan açyk we konstruktiw gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy faktorlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Hindistanyň Premýer-min...